20-nji noýabrda bellenilip geçilýän Bütindünýä çagalar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymlary bilen Ýaş hukukçylar gurnagy 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 72-nji orta mekdebinde çagalar bilen nobatdaky okuw sapagyny geçdiler. Çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, kämil bilim almagy babatdaky Hormatly Prezidentimiziň edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp geçirilýän okuw sapaklary çagalarda uly täsir galdyrdy. Esasan hem okuw sapaklarynda 4-nji, 5-nji synpda okaýan çagajyklara öz hukuklary barada gürrüň berildi. Ýetginjekleriň, esasnda çagalaryň hukuk bilimini artdyrmak, öz hukuklary bilen bir hatarda borçlaryny hem bilmegi olaryň dünýagaraýşyny giňeltmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredip berýän mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýdarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan tutumly işleri rowaç alsyn.
.
Begli TÄŞLIÝEW
TDIM HGI-niň Halkara hukugy
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler