1976-njy ýylda Köýtendag etrabynda we Magdanly şäheriniň golaýynda geçirilen gözleg-agtaryş işleri karst gatlaklarynyň has işjeň hereket edýän ýerleriniň açylmagyna getirdi. Häzirki döwürde Köýtendagda karst gowaklarynyň 60-a golaýy mälimdir. Bu ýerdäki karst gowaklary çylşyrymly labirint ulgamyny emele getirýärler. Gowak köp gatlakly. Onuň ýokarky bölegi 50—120 m çuňlukda ýerleşýär. Karst gowaklarynyň aşagy tekiz, ýerasty darajyk ötükleri kem-kemden jaýryklara öwrülýärler. Ýerasty ötükleriň käbirleri göni bolup, olaryň uzynlygy 250 m, ini 4 m, beýikligi 1—1,2 m ýetýär. Jaýryklardan suwlaryň syrygyp akmagy netijesinde karst örtgüleri emele gelipdir. Gowaklaryň diwarlarynda tagçalar, oýlar, kertlikler, köwekler we basgançaklar gabat gelýär.
Garlyk şäherçesiniň golaýyndaky gowakda 5 sany «otag» bar. Ilkinji dört otagyň ini 10—15 m, uzynlygy 20—40 m, beýikligi 3—12 m ýetýär. In soňky 5-nji otag iň ulusydyr, onuň uzynlygy — 125 m, ini — 65 m, beýikligi — 35 m. Gipsli we kalsitli stalaktitler stalagmitler bilen birigip sütünleri — stalogmatlary emele getirýärler. Daş-töwerek gips kristallaryndan emele gelen aruzlar, pyntyk, gabyk we üzüm salkymy görnüşli ösüntgiler, garlawajyň guýrugyny ýatladýan dury gülgüne öwüsýän gips kristallary, gelektitler, antoditler, anemolitler bilen gurşalan. Olar adam eli bilen ýasalan ýaly, dürli güller, palmalar görnüşinde bolup, reňkleriň özboluşly utgaşmasyny düzýärler. Otaglaryň biri gipsden emele gelen sütünleriň jeňňelligini ýatladýar, olaryň arasyndan geçmek gaty çylşyrymly. Ýokardan sallanyp duran inçeden uzyn stalaktitler urlanda dürli owaz berýärler hem-de bir-biri bilen utgaşyp, ýerasty organ saz guralynyň sesini ýatladýarlar. Gowakda suwy duzly uly bolmadyk köller hem bar.Mundan başga-da Günbatar Köýtendagda karst emele gelmeleri, dag gerişleriniň etekleri köpsanly jülgeler we suwuň täsiri netijesinde emele gelen hanalar bilen bölünendirler, kert gaýalaryň beýikligi 200—300 m ýetýär. Karst emele gelmeleri Köýten derýasynyň gündogar kenarlarynda jemlenendir. Bu ýagdaý ýerasty karst suwlarynyň akmagy bilen şertlenendir. Köýtendagyň iň uly karst gowagy has hem oýdur. Onuň uzynlygy 3 km. barabar. Garlyk şäherinden demirgazyk-gündogar tarapynda 8—9 km uzaklykda ýerleşýär. Gowagyň girelgesi 7 m çuňlukda gipsiň we hekiň emele gelmeleriniň araçäginde ýerleşýär. Bu gowak gitdigiçe köp sanly ýerasty ötüklere we geçelgelere bölünýär. Geçelgeleriň beýikligi 15—20 m ýetýär. Ötüklerde dinozawrlaryň yzlaryny, pilleri ýatladýan, ak gar görnüşli uly bölekler duşýar. Bu — aýdyp-diýerden has ajaýyp görnüş. Ol gowaklaryň iň amatlylary speleoturizm üçin Köýtendagda üstünlikli peýdalanylýar. Syýahatyň bu görnüşi üçin Kapkotan diýilýän gowak häzirki wagtda has oňaýlysy hasap edilýär. Ol Aralyk atly gowak bilen birleşip, umumy uzynlygy 56 km bolan gowaklar ulgamyny döredýär. Kapkotan gowagy syýahatçylyk jähetden, ykdysady taýdan hem has oňaýlydyr. Sebäbi, beýleki gowaklar bilen deňeşdireniňde bu gowaga barmak has aňsat. Galyberse-de, içine ýol çekmek, ýerasty geçelgäni syýahatçylyk gatnawynyň talabyna laýyk derejä getirmek üçin olary diňe abatlamaly, wagonetkalar üçin ýol gurmaga-da mümkinçilik bar. Kapkotan gowagyndaky stalaktitler stalagmitler, geliktitler, antoditler we beýleki tebigy täsinlikler çyra şöhlesiniň ýagtysyna has-da owadan görünýär. Garlyk gowaklar ulgamy Köýtendag döwlet goraghanasy tarapyndan berk goralýar.
Ýakup SUWHANOW
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler