Çeşme: “Türkmenistan Altyn asyr”.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.
Bu forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de onuň çäklerindäki syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli çärelere taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasyny düzdi.
Gatnaşyjylar forumyň gün tertibi boýunça pikir alşyp, öňde boljak duşuşygyň şertnamalaýyn-hukuk bölegini, hususan-da, kabul edilmegi meýilleşdirilen resminamalary hem-de guramaçylyk-teswirnama bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar köptaraplaýyn düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigini belläp, diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky pikirlerini aýtdylar.
Mundan başga-da taraplar howanyň üýtgemegi we ekologiýa meselelerini, sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmek bilen bagly soraglary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Ýokary derejede geçirilýän halkara maslahatyň gün tertibi bilen baglylykda, Günorta we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça pikir alyşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar sebit howpsuzlygynyň wehimlerine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň dowam etdirilmegine gyzyklanmany tassykladylar. Owgan meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga ýardam edýän durnukly we amatly şertleriň döredilmegine ygrarlydygyny bellediler.
Maýsa NAZAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler