Ulag-logistika pudagynyň ösüşi

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­galla­la­ry neti­je­sin­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­tarap Di­ýa­ry­myz­da ulag-lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni ösdür­mek we kämilleşdir­mek, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny top­lum­laýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak, he­re­ket edýän ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny giňelt­mek we tä­ze­le­ri­ni döretmek bo­ýun­ça giň möç­ber­li maksat­na­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Türkmenis­tan ýük da­şa­ma­la­ryň hal­ka­ra ulgamynyň do­ly hukuk­ly ag­za­sy bol­mak bi­len, öz çä­gin­de yg­ty­bar­ly üs­ta­şyr ulag gat­naw­lary­ny üp­jün ed­ýär.

Ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­leri­niň — aw­tou­lag, de­mir ýol, ho­wa, de­ňiz ulag­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dynyň ber­ki­dil­me­gi­ne uly üns ber­ýär. Ýurdumyz­da hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýän tä­ze ho­wa men­zil­le­ri bi­na edil­ýär, de­mir ýol­lar, ýoka­ry tiz­lik­li aw­tou­lag ýol­la­ry, de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri gu­rul­ýar. De­mir ýol, de­ňiz we ho­wa ulag­la­ry­nyň üs­ti täze, döw­re­bap gämiler, wa­gon­lar, uçar­lar bi­len ýe­ti­ri­lip, ulag hyzmat­la­ry­nyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär. Mil­li Lideri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len «Türk­men lo­gis­ti­ka as­so­sia­si­ýa­sy­» hojalyk jemgyýetiniň dö­re­dil­me­gi bol­sa bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň bar­ha ilerleme­gi­ne ge­tir­di.

Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary amala aşyrýar. Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň diňe bir deňiz-derýa ulaglary ulgamynda däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň awtomobil ulaglary ulgamynyň üsti bilen hem dürli görnüşli ýükleri daşamakda uly işleri amala aşyrýar. Döwletimiziň üstaşyr gatnawlar logistikasynda mümkinçilikleriniň gerimi işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) halkara demir ýol ulag geçelgelerini, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny nazara alanyňda, aýratyn täsir galdyrýar.

Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meseleler, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär.

Altynaý DURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok