ROWAÇLYGYŇ WATANY ÝURDUMYZDA SANLY ULGAM ÖZGERTMELERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilim berlişiniň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Häzirki wagtda bolsa, bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça işler guramaçylykly ýagdaýda alnyp barylýar. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor mugallymlar, şeýle-de talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi, onuň binýadynda bolsa, sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Sanly bilim portallary özünde elektron resminamalary, elektron poçtalary, uzak aralykdan bilim almaklygy, ylmy işleri, olimpiadalary, okuw kitaplaryny okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilim özgertmeleri bilen Türkmenistan halkara derejeli bilim berýän merkeze öwrüldi. Çünki ylym – häzirki eýýamyň ösüş guralydyr. Ylym köpgatly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Onuň bir ýerde durmaýşy ýaly, tehniki ösüş hem mydama hereketdedir.

Biz ylym-bilim işgärlerine şeýle ajaýyp mümkinçilikleri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Annagül BERDIÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok