YLYM – BAGTA BADALGA

Ylym, bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Adamyň ýaşaýyş – durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ylym ýagtylyk çeşmesi bolup, ol hiç haçan, hiç bir ýagdaýda gowşadylman, eýsem mydama kuwwatlandyrylyp durmaly pudakdyr. Üstünlige ýetmek üçin birek-birekden öwrenmek tejribe alyşmak zerur bolup durýar.

Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen sanly ulgama geçmek maksatnamasy ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Önümçilik bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyna hem ösen öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurdaky tagallalar milli ykdysadyýetimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň hasabyna geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda halkara hyzmatdaşlygy üçin giň ýol açýar.

Sanly bilim ulgamyna geçmek bilen ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda we ähli bilim edaralarynda täzeçe usullar, ugurlar boýunça mümkinçilikler, hukuklar giňeldilýär. Şoňa görä-de, ähli ýerde işgärleri okatmak we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy ýola goýmak işleri netijeli durmuşa geçirilýär. Her bir ýurduň ösüşi ozaly bilen, şol ýurtda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdiriliş derejesi bilen kesgitlenilýär.

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalara daýanýan ylym-bilimiň ösdürilmegi ugrunda birnäçe işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Maýsa MAKGYÝEWA,

S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok