Binagärligiň nusgasy – Aşgabat

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda kabul edilen “Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynyň” esasynda Aşgabat şäheriniň  durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy Konsepsiýasy işlenip düzüldi. Şu Konsepsiýada ýurdumyzyň merkezi şäheri hökmünde Aşgabady ösdürmegiň ählitaraplaýyn meýilnamasy baş görkezijidir.

Aşgabat diňe bir Aziýanyň däl, eýsem, dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin ähli amatlyklary döredilen şäherine öwrüldi. Gurluşygy alnyp barylýan durmuş-medeni ulgamynyň desgalarynyň inženerçilik amatlyklarynyň bolmagy milletiň saglygyny pugtalandyrmaga, jemgyýetiň intellektual we fiziki mümkinçiliklerini yzygider ösdürmäge ähli şertleri göz öňünde tutýar.

Paýtagtymyzda bir wagtyň özünde iki sany täze Medeniýet we Ykdysadyýet şäherçeleriniň açylmagy paýtagtyň durmuşynda uly waka boldy. Bu şäherçelerde amatly okuw we ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek üçin desgalaryň doly toplumy jemlenendir. Geljekde hem şeýle desgalary yzygider gurmaklyk meýilleşdirilýär.

Aşgabatda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we döwlet Baştutanymyzyň adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek babatda yzygiderli edýän tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy ýaýbaňlandyryldy. Aşgabady abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga büremek, onuň ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki düzümini kämilleşdirmek, oňaýly şäher gurşawyny kemala getirmek bilen baglanşykly wezipeleriň oňyn çözülmegine bolan toplumlaýyn we yzygiderli çemeleşmeler bu maksatnamanyň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýlelikde, bu ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň giňden ornaşdyrylmagy,  häzirkizaman gurluşyk ulgamynyň ýörelgeleriniň milli binagärlik däpleriniň sazlaşygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Akmämmet ŞUKUROW,

Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok