Dal-bedewler halkymyzyň baýlygy, buýsanjymyz-türkmen alabaýlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, döredip gelen  milli gymmatlyklaryna belent sarpa , uly hormat goýulýar. Bu bolsa biziň her birimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň gün-günden belende göterilmegi nesilleriň aňynda pederlerimiziň irginsiz zähmeti bilen döreden belent işlerine bolan çäksiz hormatyň artmagyna getirýär. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýar. Olaryň giňden öwrenilmegi, at – abraýynyň dünýä ýayylmagy üçin yzygiderli alada edýär.

Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly eserleri milli buýsanjymyz ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup durýar.  Ahalteke bedewleri özüniň gözelligi, çalasynlygy, ukyp-başarnyklary bilen özüne maýyl edýär. Edil ynsan ýaly syzýan bedew atlarmyz adamyň agyr, kyn güninde syrdaşy bolup, toý-dabarada gardaşy bolup goldapdyr. Beýik pederlerimiziň “At-myrat” diýen paýhasly pähimleriniň biri buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewi ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda türkmeniň myrady, uçar ganaty bolupdyr. Atyň owadanlygy, uz ýöreýşi, edim-gylymy gelin-gyzlara mahsus bolan häsiýetler bilen deňelýär. Türkmen bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Hormatly Prezidentimiz: “ Gyz gylykly, owadan bedewlerimiz diňe ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem gaýratlylygy , çydamlylygy, wepadarlygy hem-de namysjaňlygy bilen kalbyňa gozgalaň salyp, buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär, öçmejek yz goýýar” diýip, örän parasatly belläp geçýär.

Alabaý itleri hem gamyşgulak bedewleri ýaly halkymyzyň taryhy dostudyr. Halkymyzyň döreden «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many bar, bu jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň türkmen halkynyň alabaý itlerini saklamagy, olary ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär. Eýesine wepalylygy, garadangaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň ardynjyramasyndan onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Ata-babalarymyz awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmandyrlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary alabaýlary galypdyr. Alabaýlara maşgala howpsuzlygy doly ynanylypdyr. Şeýlelikde, gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri sakçy, garawul hökmünde-de peýdalanylyp gelinýär.

Öwezmämmet GELDIÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Binagärlik hünäriniň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok