Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamy

Ýangyç-energetika, nebit-gaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu pudaga möhüm ähmiýet berilýär. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän syýasat uzakmöhletleýin, açyklyk, milli bähbitleri nazara almak hem-de özara jogapkärçilik ýörelgesi esasynda guralýar. Geçen ýakyn ýyllarda ýurdumyzda ýangyç-energetika, nebit-gaz pudaklaryny ösdürmek boýunça dünýä ähmiýetli taslamalaryň, halkara forumlarynyň ençemesi geçirildi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine oňyn çemeleşme, milli Liderimiziň energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakyndaky kararnama hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de, 2019-njy ýylda energetika pudagynyň dünýä bilermenlerini ýurdumyza jemlän Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde bu ulgamda ýurdumyzda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalar tanyşdyryldy.

Eýsem, daşary ýurt kompaniýalaryny biziň giň gerimli üpjünçilik we senagat taslamalarymyza maýa goýumlaryny goýmaga nähili güýç çekýär?! Elbetde, olary ykdysady bähbit çekýär. Sebäbi ata Watanymyzyň ägirt köp tebigy serişdeleri bar. Şol baýlyklary netijeli ulanmak, olary diňe bir döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmagyň çeşmesine öwürmek bilen çäklenmän, eýsem, köp sanly dünýä meselelerini çözmegiň hem serişdesine öwürmäge mümkinçilik berýär.

Kadyr GURDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok