Ulag diplomatiýasy okuw merkezinde sapaklar üstünlikli geçirilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup Ulag diplomatiýasy çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Ulag diplomatiýasy” ugruna degişli   ýörite tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda fakultatiw okuwlar ýokary derejede geçirilýär. Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde tassyklanan meýilnamalara laýyklykda «Türkmen Logistika» Аssosiasiýasynyň  agzalarynyň gatnaşmagynda fakultatiw okuw sapaklary üstünlikli alnyp barylýar hem-de olaryň netijeleri boýunça merkeziň diňleýjileri tarapyndan nutuklar, prezentasiýalar taýýarlanylýar.

2021-njy ýylyň  8-nji  aprelinde  “Ulag diplomatiýasy” ugry boýunça fakultatiw okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instiutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň müdiri Perhat Çaryýewiň gatnaşmagynda “Hazar deňzi – Wolga derýasy ugry bilen Ýewropanyň Baltika deňzindäki portlaryna çykmaklygyň mümkinçiliklerini öwrenmeklik” atly okuw sapagy  geçirildi. Bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Talyplar üçin  okuw sapagy örän täsirli boldy.

Institutyň bilim portalynda “Ulag diplomatiýasy” ugry boýunça ýörite elektron bölüm döredildi. Onuň içinde geçirilýän umumy we söhbet sapaklaryň ýazgylary, ylmy makalalar, çykyşlar, prezentasiýalar şeýle hem ulag diplomatiýasyna degişli wideorolikler yzygiderli ýerleşdirilýär.

Goňurow Berdinyýaz
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok