Magtymguly — döwrümiziň şamçyragy

         Hormatly Prezidentimiz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr.» – diýip bellemeklik bilen, türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga çäksiz hormat goýýar. Milli Liderimiziň howandarlygynda türkmen alymlarynyň Magtymguly atamyzyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan birnäçe ylmy işleri – «Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi», «Magtymguly we Gündogar edebiýaty», «Magtymgulynyň äleminde», «Köňül nagşy», «Köňül gözgüsi», «Türkmen ruhunyň almaz täji», «Magtymguly ylham çeşmesi», «Magtymguly hakynda rowaýatlar», «Sözüm, saňa Pyragy», «Magtymguly» kitaplary, şeýle hem beýik akyldaryň iki tomluk eserler ýygyndysy neşir edildi. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi.

         Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumy bilen muzeýi gurlup, ulanylmaga berildi. Mundan başga hem, milli Liderimiziň hoşniýetli hyzmatdaşlyga we milli ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň netijesinde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdep bilen ýadygärlik heýkeli, Türkiýäniň Ankara şäheri bilen Özbegistanyň Daşkent şäherinde bolsa, beýik akyldaryň ýadygärlik heýkeli gurlup ulanylmaga berildi. Ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda gurlup ulanylyşa girizilen bu binalar Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyraga goýýan çäksiz hormatynyň amaly beýanydyr.

Kuwwat ANNAMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok