Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
Hormatly Prezidentimiziň: «Aşgabat köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, ata Watanymyz Türkmenistanyň ýüregi bolup, halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen Aşgabat bütindünýä siwilizasiýasynda iň gadymy we müdümi şäherleriň biridir.
Döwrümiziň belli taryhçy alymy Öwez Gündogdyýew özüniň 2005-nji ýylda çapdan çykan «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda paýtagtymyzyň mundan 140 ýyl ozal – 1881-nji ýylda ýurdumyzyň häzirki çäginiň dolandyryş merkezi hökmünde dörändigini dile getirmeklik bilen, Aşgabadyň aslynda has gadymy – 2500 ýyl mundan ozal düýbi tutulan şäherdigini belläp geçýär.
Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheri has gadymy şäher bolandygy sebäpli hem, XX asyrdaky dürli neşirlerde bu şäheriň ady dürli hili düşündirildi. Alym Öwez Gündogdyýewiň «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda bellemegine görä, paýtagtymyz Aşgabadyň ady taryhçy S.G. Agajanowyň pikiriçe «Aşgabat – Ärsaglar şäheri» diýen manyny, geografiýaçy E.M. Mürzäýewiň pikiriçe «Astarta atly hasyllylygyň we söýginiň zenan hudaýynyň şäheri» diýen manyny, dilçi alym S. Atanyýazowyň ylmy nazaryýeti boýunça «Aşgabat –Yşkabat («eşh» – söýgi we «abat» – mekan, şäher» diýen manyny, kinorežissýor A. Atajanowyň pikiriçe «Aşgabat – Asabat («as» – asman, «abat» – mekan, şäher)» diýen manyny, atlantolog W. Şerbakowyň pikiriçe «Aşgabat – Asgard (aslaryň şäheri)» diýen manyny aňladýar. Döwrümiziň belli taryhçy alymy Öwez Gündogdyýewiň öz ylmy nazaryýýeti boýunça bolsa «Aşgabat – Ärsagabat», «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» diýen manylary aňladýar.
Öwez Gündogdyýew «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda paýtagtymyz Aşgabadyň, hakykatdanam türkmenleriň iň gadymy döwleti bolan Parfiýa döwletini esaslandyryjysy Ärsagyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklygyny ylmy esasda delillendirip, anyk-aýdyň subut edýär. Bu ylmy subutnama görä, Aşgabat şäheri 2500 ýyl mundan ozal dörän iň gadymy şäherdir. Şonuň üçin hem taryhçylarymyz, pagtagtymyzy iň gadymy hem müdimi şäher diýip atlandyrýarlar.
Ýöne, muňa garamazdan Aşgabat şäheri 1881-nji ýylda ýurdumyzyň häzirki eýeleýän çägini, Türkmenistan döwletini dolandyryjy merkezi şäher hökmünde gaýtadan döredildi. Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzyň soňky döredilen senesi nesilden nesile geçip, ildeşlerimiziň hakydasynda baky ýaşaýar. Çünki, 1881-nji ýylda dolandyryjy merkez hökmünde dörän Aşgabat şäheri şol döwürdäki dagynyk halky birleşdirip, milletimizi türkmen döwletiniň häzirki territoriýasynyň çäginde bitewileşdirip bilen şäherdir. Hut şu nukdaýnazardan-da, Aşgabat şäheriniň 1881-nji ýylda dolandyryjy merkez hökmünde döredilen senesi türkmen halky tarapyndan paýtagtymyzyň döredilen senesi hökmünde kabul edildi.
Türkmenistan döwletimiz öz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmaklygy bilen paýtagtymyz Aşgabat özüniň geçen 140 ýyllyk taryhynda henize çenli görlüp-eşidilmedik ägirt uly ösüşleri başdan geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Aşgabat häzirki döwürde dünýäniň iri işewürlik merkezine, halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallarynyň netijesinde şu ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmeklik boýunça Hökümet topary döredildi hem-de bu toparyň düzümi, geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmeklik, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmaklyk hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmaklyk hormatly Prezidentimiziň öňe süren uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Aýjemal ÝOLOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy
Teswirler