Halkara ýazyjylar güni

          Bütindünýä ýazyjylar güni häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilip geçilýär. Bu gün diňe bir ýazyjylar  üçin däl, eýsem dördünji häkimiýet wekilleriniň  ýagny  Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän işgärleriniň hemmesi üçin hünär baýramçylygy hasaplanýar. Iň görnükli edebiýat işgärlerine hormat goýmak we olara dürli baýraklary gowşurmak dabarasy şu güne çenli dowam edip gelýär. Dünýäniň  ähli ýurtlarynda  diýen ýaly,  1986-njy ýylyň 12-18-nji ýanwary aralygynda geçirilen Halkara PEN klubynyň (International Pen Club) 48-nji kongresiniň karary bilen döredilen “Bütindünýä ýazyjylar gününi”  her ýylyň  3-nji martynda  giňden belleýärler.

            Baýramçylygyň döredilmeginiň esasy bolan, Halkara PEN-kluby 1921-nji ýylda Londonda döredilýär. Guramanyň ady iňlis sözleriniň ilkinji harplaryndan emele gelen gysgaltma bolup, ýagny: “Poest”-şahyrlar, “Essayitists”-oçerkçiler, “Novellists” – romançylar diýmegi aňladýar. Täsin  ýeri, “pen” diýmek iňlis dilinden türkmençe terjime edilende   “syýa galam”  diýmekdir.

            Bu guramany döretmek pikiri iňlis ýazyjysy Katrin Emi Douson-Skotta degişlidir. 1923-nji ýylda Londonda  PEN klubynyň ilkinji halkara kongresi geçirildi. Şeýle hem, dünýäniň 11 ýurdunda PEN merkezleri döredildi. Häzirki wagtda şeýle merkezler 130 ýurtda hereket edýär. Guramanyň esasy öňde goýan wezipeleri maglumat erkinliginiň çäginde metbugatda çap edilýän ýalan neşirleriň, maglumatlary bilkastlaýyn gaplaşdyrmak, syýasy we şahsy maksatlar üçin delileri ýoýmak ýaly çäklendirmeleri göz öňünde tutýarlar.

        Edebiýaty bilmezden özüňi medeniýetli adam hasaplap bolmaz. Edebiýat adamy kämilleşdirýär, onuň çeper, dürs sözleýiş ukyplaryny baýlaşdyrýar. Dünýä edebiýatynyň ägirtleri barada belläp geçsek,  Taras Şewçenko ömründe 237 goşgy we poema ýazdy, onuň  kakasy Aleksandr Dumas  420 roman, Nikolaý Gogol az wagtyň içinde “Öli janlar” poemasynyň döredilmeginiň üstünde işlän hem bolsa ajaýyň eser döretmegi başardy, Mihail Bulgakow “Ussat we Margarita” romanyny ýazmak üçin 12 ýyl gerek boldy. Şunuň ýaly, meşhur ýazyjylaryň bitiren işleri baradaky gyzykly maglymatlar islendik okyjyny guwandyrýar, olaryň eserlerinden täsirlenip döredijilige ymtylmaklaryna uly ýardam berýär.  Häzirki wagtda dünýäde takmynan 150-200 müň hünärmen ýazyjy bar we olar 150-den gowrak dilde ýazýarlar.

        Halkara derejesinde tanalýan görnükli ýazyjylaryň ählisi  edebiýat äleminde özleriniň ajaýyp eserleri bilen dünýä  ýüzünde uly abraýdan peýdalanýarlar. Bu bolsa olaryň halkyň söýgüsini gazanmakdaky çeken zähmetiniň miwesi bolup hyzmat edýär. Daşary ýurt edebiýatynyň ösüşine goşan goşantlaryny nazara almak bilen olaryň hünär baýramçylygy bütindünýäde belentden dabaralanýar.

Täzemyrat ARJAKOW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok