Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Ösüşe ak ýol” ady bilen maýa goýum taslamalarynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.
Maslahatda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyp ýaşlary, mugallymlar öz taslamalary bilen çykyş etdiler.
Bu gezekki maslahatda oba-hojalyk, ekologiýa, maliýe ulgamy, halkara söwda we IT tehnologiýalary ugurlary boýunça ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini köpugurly ösdürmek boýunça innowasion teklipleri bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Daşary Işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýaş Alymlar Geňeşininiň wekilleri start-up üçin tekliplerini hödürlediler.
Çykyşlara partiýanyň ýolbaşçylary we telekeçiler baha berdiler we hödürlenen taslamalary ösdürmek barada öz belliklerini ýetirdiler.
Şeýle duşuşyklar partiýa tarapyndan yzgiderli geçirilýär. Türkmenistanda ýaşlary telekeçilige çekmek barada giň işler alnyp barylýar. Şu ýylyň başynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy” tassyklanyldy.
Merdan Ataýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni
Teswirler