Kitap – bagtyň açary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow:

 -Kitap ähli döwürlerde islendik ýaşdaky adamy ruhubelentlige, ýüregini buýsanja, kalbyny ýaşaýşa bolan söýgä besleýär. Ol biziň geçmişimiz hem geljegimizdir.

Türkmen halky gadymdan bäri kitaba uly sarpa goýýar we ony altyndan-da zyýat görýär. Muňa mysal edip biz taryhda türkmen topragynda ady belli kitaphanalaryň bolandygy görkezip bileris. Elbetde ol kitaphanalarda türkmeniň sowatly adamlary bilen bilelikde  dünýäniň dürli ýerlerinden soragly gelen alymlary ozlerine jogap tapyp gidipdirler. Bu barada Hormatly Prezidentimiz hem şeýle belleýär: «Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnan kerwenler bilen dünýäniň çar künjeginden mertebeli alymlar türkmen topragyna gelipdirler. Olar Nusaýda Mäne-de, Sarahsda, Merwde, Amulda, Zemmde, Köneürgençde, Dehistanda ýerleşen baý kitaphanaly medreselerde okap, türkmen alymlaryna şägirt durupdyrlar. Şeýdibem öz ylym-bilim baýlyklaryny artdyrypdyrlar», – diýip belleýär. Bu bolsa biziň ata watanmyzda ylym-bilime, pähim-paýhasa, bagtyň açary bolan kitaba uly üns berendigine aýdyň subutnama bolup duryar.

Häzirki wagtda hem Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Baky Bitarap ýurdumyzda gyzyldan gymmatly kitaplara we bilim ulgamynda alynyp barylyan işler ünsden düşürilmeýär.Bilim ulgamynyň ösüş döwründe Mähriban Arkadagymyzyň jöwher zehininden syzylyp çykan «Paýhas çeşmesi», «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly çuň terbiýeçilik mana ýuwrulan kitaplary biziň durmuşymyzda möhüm orun eýeleýär. Bu gymmatly eser ýaş nesiliň Watana, tebigata, ylym-bilime, halal zähmete bolan söýgisiniň has-da güýçlendirýär. Biz ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

.

Ähmet Taganow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok