Oňatlyk, ynsanperwerlik, köpçilige bähbitli pikirlerdir işler hemişe-de oňlanylýar, goldanylýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gör näçe başlangyçlarymyz, tekliplerimiz, garaýyşlarymyz oňlanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda taslamalary işlenilip taýýarlanylan Kararnamalar kabul edilip, dünýä döwletleriniň durnukly ösüşiniň, dünýä halklarynyň parahatçylyga beslenen abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirildi. Dünýä üçin bir ajaýyp pikir beren, dünýä üçin bir haýyrly iş bitiren ýüz müňlerçe adamyň alkyşyna eýe bolýandyr.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara giňişliginde dünýä döwletleri bilen alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatynyň netijesinde, 2015- nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasyna gatnaşyjy döwletler tarapyndan “ Dünýämizi özgertmek: 2030- njy ýyla döwür üçin Durnukly ösüş üçin Gün tertibi” kabul edildi. Netije-de, Durnukly ösüş maksatlarynyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde Türkmenistan sebitde işleri ählumumy maksatlara kybap getirmäge girişen ilkinji ýurtlaryň biri boldy.
Durnukly ösüşiň binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde bilim ýaşlaryň we raýatlaryň aň- paýhas derejesiniň ýokarlanmagyna, dünýägäraýşynyň giňemegine, medeniýetiniň ösmegine, hünär başarnyklaryny ele almaga gös-göni täsir edýän sebäp bolup durýandygy bilen ähmiýetlidir. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryndan ugur alýandygy, esasan hem onda ýaşlar babatdaky möhüm ýagdaýlary özinde jemleýändigi bellenildi. Durnukly ösüş maksatlarynyň arasynda ýaşlar syýasatynyň hem bolmagy, döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyndaky ornuna uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ugrunda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty” hakynda Türkmenitanyň kanuny kabul edildi. Bu bolsa häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim strategiýasynyň esasynda döwrebap derejede bilim almak, ylym we döredijilik bilen meşgullanmak, ýaş raýatlaryň doly derejeli hukuk we durmuş derejesini üpjün etmek, hukugyny we azatlygyny goramak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ýeri gelende belläp geçsek, şeýle döredilýän mümkinçilikleriň arasynda has esasylarynyň biri hem, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça Okuw- usulyýet merkeziniň döredilmegidir.
Bellenişi ýaly, döwletimiziň giň möçberli üstünlikleri, diýarymyzyň barha belende galýan halkara abraýy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy milli Lidermiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň işini esasy ugur edinýän paýhasly, öňdengörüjilikli syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär.
Goý, dünýä ýüzüne parahatçylyk, agzybirlik we dost-doganlyk tohumlaryny sepýän, biz ýaşlaryň şeýle kämil ynsan bolup ýetişmeklerimiz barada taýsyz tagallary edýän Arkadag Prezidentimiziň beýik başlangyçlary, aýdyň ýol-ýörelgeleri hemişe rowaçlyklara, üstünliklere beslensin.
Selbi MURADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby
Teswirler