Ekologik taýdan arassa bioplastik materiýallary öndürmegiň innowasion usuly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak babatda oňyn işler durmuşa geçirilýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa abadançylygyny döretmek, baý tebigy we biologik serişdeleri rejeli ulanmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar.

Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri dünýä jemgyýetçiliginden täze innowasion dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi talap edýär. Sebäp bu gün tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşmagyna adamzadyň durmuş-ýaşaýşy, ösüşi, geljegi, adam ekologiýasy gönüden-göni bagly bolup durýar.

Plastikleriň ekologiýa gurşawyna edýän täsirleri, ýagny olaryň örän köp görnüşi bolup, ýer üstüne, suw ýollaryna we ummanlara ýaramaz täsir edýär. Bioplastik – bu täzelenýän (gaýtadan işläp bolýan) çeşmelerden ybarat bolan plastmasdyr, meselem: ösümlikler we mikroorganizmler. Adaty plastik bolsa täzelenmeýän magdanlardan, ýagny nebit ýa-da tebigy gaz bilen sintezlenýär.

Galyndy plastikleri tebigatdan aýyrmak we olaryň ekologik, gurşawa edýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak üçin ýerli çig mallardan bioplastik materialy  taýýarlamak zerur bolup durýar.

Esasy galyndy plastikleri tebigatdan aýyrmak, olaryň tebigata zyýan bermeginiň öňüni almak üçin ekologik taýdan arassa bioplastik materialyň alnyş usuly öwrenildi. Ýerli çig mal bolan mekgejöwen krahmalyny ulanyp, bioplastik materialynyň alnyş usulyýeti kesgitlenildi. Bu işde ilki bilen mekgejöwen dänesinden krahmalyň alnyş prosesleri amala aşyryldy we fiziki häsiýetleri, maýyşgaklygy, berkligi, galyplamaga ýaramlylygy, biodargaýjylygy bilen tapawutlanýan bioplastik materialy almaga çalşyldy. Bioplastikleriň adaty plastiklere garanyňda dürli gurşawda dargaýanlygy, ýagny suwda ýa-da ýer astynda (toprakda) birnäçe wagtyň dowamynda ereýji häsiýete eýe bolýanlygy tejribe arkaly subut edildi.

Ýerli çig mallardan bioplastik materialy taýýarlamak we ony özleşdirmek, Türkmenistanyň gözel tebigatyny plastiklerden arassalamaga we ekologiýa gurşawyny gorap saklamaga uly itergi berer.

Patma IGDYROWA 
Türkmenistanyň Ýaşlarynyň arasynda
geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi,
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok