Krapiwa ösümligi ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde giňden ýaýrandyr. Esasan hem Ýer togalagynyň demirgazyk ýarym şarynda köp ýaýranlygy bilen tapawutlanýar. Krapiwanyň dünýä boýunça jemi 53 töweregi görnüşi bellidir. Hat-da Gimalaý daglarynyň deňiz derejesinden 4000 metr belentliginde hem krapiwa ösýär. Biziň ýurdumyzda hem krapiwanyň iki görnüşi duş gelýär. Mälim bolşy ýaly, köpýyllyk ösümlik bolan krapiwanyň gyjyndyryjy häsiýeti köpümize tanyş bolsa gerek, käbir görnüşleriniň gyjyndyryjy häsiýeti has-da güýçlüdir. Krapiwa diňe bir otjumak görnüşde bolman, eýsem onuň uly agaç şekilli görnüşi-de duşýar. Täze Zellandiýada ösýän “Ongaonga” atly agaç özüniň häsiýeti boýunça krapiwa meňzeşdir. Beýikligi 5 metr bolan bu agaja sähelçe deglende hem bedeniňi ýakmaga ukyplydyr. Hat-da käbir kiçi haýwanlary ölüm howpuna hem eltip bilýär.
Krapiwanyň düzümi:
Krapiwanyň massasynyň 100%-de 170 mg askorbin kislotasy, 20 mg karotinler, B witaminler topary, garynja kislotasy, gistamin, holin, sitosterin, fenol, fitonsid maddalar, beýleki organiki kislotalar, marganes, bor, titan, nikel elementleri saklanýar. Şeýle-de krapiwanyň umumy massasynyň 25%-i proteinden, 3% ýagdan, 35% kletçatkadan ybaratdyr.
Krapiwanyň dürli maksatlar üçin ähmiýeti:
Käbir görnüşleri azyklyk hökmünde ulanylýar, ýagny ol dürli suwuk tagamlara, işdäaçarlara goşulmak bilen olara özboluşly tagam berýär. Şeýle hem krapiwanyň ýapraklary we köki irki döwürde hem-de häzirki wagtda ylmy we halk lukmançylykda peýdalanylýar. Bu barada grek taryhçylarynyň maglumatlarynda bellenip geçilýär. Krapiwanyň ýapraklary tebigy konserwant hasaplanýar. XIX asyrda Ýewropanyň dürli ýurtlarynda ýüplükleri ýasamakda çig mal bolup hyzmat edipdir. Sebäbi krapiwanyň baldagynda köp mukdarda süýüm saklanýar. Emma häzirki wagtda krapiwa şeýle maksat üçin ulanylmaýar. Bulardan başga-da parfýumeriýa önümçiliginde krapiwanyň ekstrakty peýdalanylýar. Onuň düzümindäki maddalar beden üçin, aýratyn hem saç üçin ýaramly bolup durýar. Krapiwa ösümliginiň şeýle köptaraplaýyn häsiýetleri onuň ähmiýetli taraplaryny we peýdalanyş goruny has-da giňeldýär.
Baýram GURBANDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler