Beýik özgertmeleriň, ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň özara düşünişmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagy babatynda giň mümkinçilikleri açýar. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýanyň täzeden kabul edilmeginiň özi hem biziň döwletimiziň adamzadyň hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna halkara bileleşigi tarapyndan goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegi, şeýle-de bu milli baýramymyzyň indi halkara derejesinde bellenilip geçilmegi guwanmaga hem buýsanmaga mynasypdyr. Bitaraplyk – bu Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň aýdyň beýanydyr, ýurdumyzyň halklaryň arasynda ýola goýýan dost-doganlyk ýörelgesiniň şöhlelenmesidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, paýtagtymyz Aşgabatda mizemez hem baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna bagyşlanyp Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň sergiler zalynda gurnalan «Bitaraplygyň 25 ýyllygy» atly toparlaýyn döredijilik sergisi açyldy. Bu sergi türkmen şekillendiriş sungatyny ösdürmekde öz ähmiýetli goşandyny goşan ussatlar: Annadurdy Almammedowyň, Allamyrat Muhammedowyň, Hojamuhammet Çüriýewiň hem-de ýaş suratkeş Azat Myradowyň irginsiz döredijilik zähmetiniň miwesi bolup durýar.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi A. Almammedowyň türkmen topragynyň gözelligini, ajaýyplygyny wasp edýän «Bahar», «Gerkez deresi» ýaly peýzaž eserleri, «Altyn güýz» atly triptihi, «Gülälekler», «Narlar» ýaly natýurmort eserleri görkezilýär. Bu eserlerde suratkeş öňki ýazyş usulyndan tapawutly şekilleriň sadalygyna, reňk öwüşginleriniň akgynlylygyna çemeleşýär. H. Çüriýewiň «Toý gelinalyjysy», «Toý bagşylary», «Türkmen toýy», «Toý palawy» ýaly nakgaş eserlerinde suratkeş uly göwrümli haşamlylyga ýykgyn edip, her güni toý-dabaralara beslenýän halkymyzyň toýlaryny, baýramlaryny, däp-dessurlaryny çeper suratlandyrýar. Suratkeşiň «Keşdeçi», «Tara dokalyşy», «Halyçylar» eserlerinde bolsa, gyz-gelinlerimiziň asyrlardan-asyrlara geçip, dowam etdirilýän el hünäri wasp edilýär. Şeýle-de döredijilik sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Allamyrat Muhammedowyň portret eserleri we göçme manyly tematiki eserleri wajyp orny eýeleýär. Suratkeşiň soňky ýyllarda döreden nakgaşçylyk işleriniň içinde taryhy şahsyýetleriň, serkerdeleriň we hökümdarlaryň portretleri, türkmeniň gahrymançylykly geçmişine bagyşlanan taryhy eserler agdyklyk edip, olarda suratkeşiň özboluşly erkin ýazyş usuly aýdyň ýüze çykýar.
Ekspozisiýada öz eserlerinde rowaýatlara, taryhy wakalara, edebi kyssalara köp ýüzlenýän zehinli suratkeş Azat Myradowyň akademiki ugurda ýerine ýetiren «Çyn bilen ýalanyň arasy», «Kerwensaraý», «Röwşeniň synagy», «Arap tilli söwdügim», şeýle-de «Nuhuň gämisi» we «Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol» atly triptih eseri suratkeşiň baý taryhy we edebi mazmunly döredijiliginden, özboluşly çuňňur dünýägaraýşyndan habar berýär.
Sergä gatnaşan suratkeşleriň her biriniň döredijiligi beýlekä garanda düýpli tapawutlylygy ýüze çykarýar. A. Almammedowyň gözel tebigatymyzy taryplaýan rahat, asuda peýzažlary, A. Muhammedowyň serkerdeleri, han-begleri, taryhy şahsyýetleri şekillendirýän gahrymançylykly, dabaraly portretleri, H. Çüriýewiň toý-baýramlary wasp edýän şähdaçyk, bagtyýar tematiki eserleri hem-de Azat Myradowyň geçmişiň ajaýyp hadysalaryny, jadyly we täsin rowaýatlaryny beýan edýän işleri sergä gelen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
.
Gülnar Kurbanmuhammedowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby
Teswirler