Syýahatçylyk orta hünär mekdebiniň talyplary önümçilik tejribesinde

Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Hemdem haly dükanyna tejribe okuwy üçin bardylar

Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary önümçilik tejribesini ýokarlandyrmak maksady bilen “Hemdem haly” dükanyna okuw saparyny amala aşyrdylar. Bu çäre talyplaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmaga gönükdirildi.

Saparyň dowamynda talyplar haly önümleriniň görnüşleri, olaryň aýratynlyklary hem-de söwda prosesiniň guralyşy bilen içgin tanyşdylar. Şeýle hem olar müşderiler bilen netijeli aragatnaşyk saklamak, hyzmat ediş medeniýetini berjaý etmek we harytlary dogry hödürlemek ýaly möhüm başarnyklary özleşdirdiler.

Bellenilişi ýaly, “Hemdem haly” haryt nyşanynyň esaslandyryjysy bolan telekeçi Arslan Hudaýberdiýew​ talyplar bilen duşuşyp, öz iş tejribesi barada gürrüň berdi. Ol häzirki döwürde telekeçiligi ösdürmekde innowasion çemeleşmeleriň we müşderä gönükdirilen hyzmatlaryň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.

Talyplar şeýle-de haly önümleriniň hil aýratynlyklaryny kesgitlemek, olaryň ýerleşdirilişi hem-de alyjylara hödürleniş usullary boýunça gymmatly maglumatlary aldylar. Bu bolsa olaryň geljekki hünär işine taýýarlygyny güýçlendirmäge ýardam edýär.

Mugallymlar şeýle okuw saparlarynyň ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagynda, olaryň bazar şertlerinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belleýärler. “Hemdem haly” dükanyna guralan bu sapar talyplar üçin peýdaly tejribe boldy.

Gülşirin ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň
Mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň
dizaýner grafik baş hünärmeni.

Şeýle-de okaň:

«Hemdem» haly sergä täze önümleri bilen gatnaşdy
«Hemdem haly» haryt nyşany «Handmade Exports 2022» maslahatyna gatnaşdy
“Hemdem” haly önümleri “eBay” platformasyna goşuldy
Where to get carpets and handicrafts in Ashgabat?

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok