«Türkmen gündogary» gazetinde döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!» atly goşgusyndan ugur alyp, adybir döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz täze taryhy eýýamyň maksatly menzillerini külterläp, ynamly öňe barýar. Geçen 30 ýyl Türkmenistanyň Bitarap, parahatçylyksöýüji daşary syýasat ugrunyň diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň maksatlaryna, halkara derejede durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli işleri alyp barmagyň we oýlanyşykly çemeleşmegiň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklaryň esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryna doly laýyk gelýändigini görkezdi. Türkmenistan beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlygy, olaryň özygtyýarly ösüş ýoluna we çäk bitewüligine hormat goýmagy, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlygy daşary syýasat ugrunyň esasy düzgünleri hökmünde kabul etdi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralar bilen toýlanylýan ýylynda bolup geçýän taryhy wakalar özboluşly many-mazmuna eýedir. Olaryň her biri ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny açyp görkezmek bilen, berkarar Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesiniň has-da pugtalanmagyna, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň ilerledilmegine mynasyp goşant goşýar. Bu gün oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyksöýüjilik ýörelgelerine ygrarly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy tutuş Ýer ýüzünde uly hormat-sarpa mynasyp bolýar. Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň asylly häsiýetleriniň, milli aýratynlyklarynyň, däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň özboluşly şöhlelenmesidir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşniýetli Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir. Şu dogrusynda güneşli Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň uly tutum bilen bellenilip geçiljek üstümizdäki ýylynda söhbet açmak we olary çeper beýan etmek yglan edilýän bäsleşigiň baş maksadydyr.

Döredijilik bäsleşigi makalalar, hekaýalar, goşgular žanrlary boýunça geçirilip, oňa ýurdumyzyň geçen ýyllaryň içinde gazanan durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda alyp barýan çuňňur parasatly syýasatyny, baky bagtyýarlygyň, döwlet berkararlygynyň binýadyny emele getirýän türkmen Bitaraplygynyň diňe bir halkymyzyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň gymmatydygyny açyp görkezýän eserler gatnaşdyrylar.

Döredijilik bäsleşigine eserler 2025-nji ýylyň 10-njy dekabryna çenli kabul ediler we olaryň gowulary welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda jemlenilip, onuň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler aşakdaky salga ýa-da gazetiň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@sanly.tm) ugradylmalydyr:

Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy, welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!» atly döredijilik bäsleşigine.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok