Bu makalada beýan edilýän açyş we tassyklama, Türkmenistanyň hormatly ylym we tehnologiýa işgäri, halkyň hormatly ýaşulysy, “Musanyň Töwratynyň asyl dili: älem-jahanyň müň ýyllyk syrynyň aýan edilmegi” monografiýanyň awtory Ödekow Ödek Akçaýewiç tarapyndan Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Skandinawiýanyň ähli künjeginde diýlen ýaly ýüzine oýulyp ýazylanruna ýazgyly müňlerçe daşlara duş gelmek bolýar. Hususanda olaraŞwesiýanyň Uppland welaýatynda has köp duş gelinýär. Ýeri gelende aýtsak, olarbürünç eýýamyndan bäri şol ýerde ýatyrlar (takmynan 4-nji asyryň ahyry – b.e.öň 1-nji müňýyllygyň başy).
Şwesiýada biziň günlerimize çenli gelip ýeten daşlaryň köpüsi, has takygy 2500-si Wiking eýýamynyň ahyryna degişlidir (ol “beýik iň” türkmen sözlerinden gelip çykan).
Runa daşlary, ilkinji nobatda dünýäden öten garyndaşlarynyň, dostlarynyň ýa-da ýakynlarynyň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlik bolup hyzmat edipdir. Emma olar mazar daşy hökmünde ulanylmandyrlar-da, ötegçi ýolagçylara görner ýaly edip, ýollaryň we ýanýodalaryň ugrunda ýerleşdirilipdir.
Runa elipbiýiniň esasy we tapawutlandyryjy aýratynlygy, ondaky harplaryň tertibidir. Ol şertli futark diýlip atlandyrylmak bilen, ilkinji alty harpy öz içine alýar.
Daşlaryň köpüsinde 16 simwoldan ybarat kiçi futarkyň kömegi bilen ýazgylan ýazgylara duş gelinýär. Alamatlar aýlawly zolaklarda ýazylmak bilen, käwagt olar aždarhalaryň ýa-da beýleki jandarlaryň kellesinde gutarypdyrlar. Tekstde daş kimiň hatyrasyna bagyş edilen bolsa şol adamyň ady, şeýle hem daşydikenleriň we ýazgyny oýanlaryň atlary görkezilipdir. Daşlara oýulan käbir gadymy ýazgylarda has syrly şekiller, setirler we nyşanlar bar. Şwesiýada 1899-njy ýyldan 1947-nji ýyla çenli düşürilen suratlarda gazuw-agtaryş işleri, dikeldiş işleri we geçmişdäki medeniýetleriň yzlaryny saklaýan monolitleriň oturdylmagy görkezilýär.
Häzirki zaman derejesinde runa daşlary we olaryň ýüzündäki ýazgylar baradaky pikirler şulardan ybaratdyr. Şeýle hem daşlaryň ýüzündäki ýazgylaryň hamana şwed diliniň runa -nyşanlarynda edilendigini aýdyp geçmek gerek.
Şol bir wagtyň özünde, belli bolşy ýaly runalaryň onlarça görnüşi bar we runa ýazgylarynyň dilleri hökmünde alty dil: Könegerman, Got, Köneiňlis, Köneskandinaw, Köneşwed, Şweddilleri hasaplanylýar. Mundan başga-da, gadymy Gök Türkleriniň (has dogrusy Göktekeleriniň – 1989), Wengriýalylaryň, Bolgarlaryň burç şekillerine meňzeş elipbiýine aýratyn ýer berilýär, olary hem runalar diýip atlandyrýarlar we bu hakykatdanam şeýle.
40 ýyldan gowrak mundan ozal etnolingwistika boýunça gözlegler bilen bir wagtyň özünde runa ýazuwyny (türkmen diliniň eren ýazgy sözlerinden) öwrenip başladym. Köp ýyllap dowam eden gapma-garşylyklardan soň bu mowzuga degişli ilkinji ýazan işim 1989-njy ýylda (Ýaşlykžurnalynda) çap edildi.
Bu neşirden soň, türkmen saz gurallaryny zehinli ussat oýlap tapyjy Seýran Nuraly, meniň ylmy ýolbaşçylygym bilen runa ýazuwlarynyň ýörite gözleglerine goşuldy. Runa ýazuwy boýunça bilelikdäkion ýyllyk gözleglerimiz, 01.10.1999 ýylda, Edebiýat we sungat gazetinde ýerzemin makalasynda çap edildi. Eserime köp salgylanma bolan bu neşirde bilelikdäki awtorlyk hukugym giň mazmunda beýan edildi.
Mundan başga-da, makalada şol döwürde ýeterlik faktlar maglumatlar bolmazdan käbir çaklamalar edildi, şonuň üçin meniň adym ýokardaky neşiriň adynda ýokdy. Häzirki wagta çenli çaklamalarymyzyň köpüsiniň tassyklanandygyny we ilkinji nobatda Gökteke runalarynyň iň gadymydygyny we beýleki runa ýazgylarynyň hem esasyny düzýändigini aýtmak gerek:skandinaw, german runa ýazgylary we ş.m.
Munuň jedelsiz subutnamalarynyň biri hem bu neşirdir we men ony Seýran Nuralynyň (Seýnuryň) ýagty ýadygärligine bagyşladym.
Şeýlelik bilen, taryhy hakykat hökmünde ykrar edilen Skandinawiýa mifologiýasyna görä, Islandiýanyň, Norwegiýanyň, Şwesiýanyň hudaý derejesine ýetirilen esaslandyryjylaryOdin we Tor öz halkyny Hazaryň deňziniň gündogarynda ýerleşýän Asgard (Osgard) ýurdundan alyp çykdylar. Bu açyş taryhçy we ýazyjy W.I. Şerbakow tarapyndan edildi (Asgard – taňrylaryň şäheri. Dokumental romany, Moskwa. “Ýaş goragçy” neşirýat, 1991 ýyl). Ýazyjy gündogardaky gadymy Parfiýany tutuşlygyna şol döwürler Aslaryň ýurdy, ýagny Asgard diýlip atlandyrylandygyny subut etdi. Wagtyň geçmegi bilen bolsa ol ýatdan çykaryldy.
Şeýle-de bolsa, gadymy çeşmeleri, şol sanda hytaý çeşmeleriniň öwrenilmegi we seljerilmegi, Skandinawiýa sagalarynyň dogrudygyny tassyklady. “Günbatarda Asgarda Nisa (Türkmen dilinde Nusaý) diýilýärdi. Şonuň üçin şäheriň bu ady grekleriň arasynda ýaňlandy. Şol grek çeşmelerine görä hem, Nisa- Gündogaryň iň batyrgaý döwleti Parfiýanyň ruhy paýtagtydy, Rimiň garşydaşydy. Şeýle hem bu hudaýlaşdyrylan ata-babalaryň ybadat merkezidi. Şol bir wagtyň özünde, Islandiýalylaryň iň meşhury Snorri Sturlusonyň ýazyp geçýän Skandinawiýa miflerindäki Asgard – bu hudaýlaryň – aslaryň şäheridir (türkmen as, uz, oguzsözlerinden) “-diýip, W. Şerbakow ýazýar.
Ýazyjy Asgardyň gubur şäheri, şeýle hem gadymy patyşalar üçin ybadat şäheri, ybadathanalar we mawzoleýler şäheri, Parfiýa şalarynyň ajaýyp hazynalarynyň şäheri bolandygyny subut etdi. Aslaryň şäheriniň esasy obýekti Walgalla bolup, ol ýerde öldürilen batyr söweşijileriň ruhlary Odin bilen meýlis gurarlar wedirikäler oýun meýdany bolup hyzmat eden Idawel meýdanynda bolsa Aslar (Oguzlar) dünýä gutarandan soň ýygnanarlar. Nisadaky Walgalla şäherinden diňe binýat galypdy. Bu,ullakan tegelek gala bolup, sütünleriň arasynda Odiniň ýolbaşçylygynda on iki sany aslaryň heýkeli ýerleşipdir.
Meniň indiki aýdyňlatmama görä Walgalla – türkmen dilindäki Weligala sözünden gelip çykan, ýagny Weli – Hudaýa ýakyn dost diýmek (dost,ýakyn hudaýa) + gala.
W. Şerbakowyň Skandinaw halklarynyň doglan ýeri Parfiýa şalygynyň çäginde bolanlygy baradaky esasy netijesini goldamak we ylalaşmak bilen, men düýbünden başga lingwistik düşündirişlerini berdim hem-de gözleglerim we açyşlarym barada habar berdim (“Galkynyş” žurnaly, № 1, 2005 ýyl;«Garagum», žurnaly № 7, 2005; “Türkmenleriň ýer ýüzündäki yzlary” kitaby, 2014 ýyl, Ankara) .
Indi bolsa, gözleglerimiň we açyşlarymyň dowamy hökmündeŞwesiýadaky iki sany runa daşyndaky ýazgylaryň asyl okalyşyny siziň dykgatyňyza ýetirmekçi.
Bularyň birinjisineÝykylan daş diýilýär we ol Korporon Jurestada (1899, Şwesiýa). Onda ýazylan ýazgyda: “Sandar bu daşy garyndaşy Ýuaranyň hatyrasyna dikdi. Hiç kim gaýdyp beýle zehinli ogul öndürmez. Belki Tor gorar.”
“Ýykylan daşdaky” esasy ýazgy, runalarda U görnüşdäki ýylanyň bedenindeýazylan we ol guýrukdan başlaýar.
Sagda, ýylanyň bedeniniň arasynda gysga söz aýdylýar, çepde bolsa ussanyň stilleşdirilen tamga belgisi (türkmençe tagma sözünden) şekillendirilýär.
Şeýlelik bilen, esasy ýazgylaryň asyl aýdyňlaşdyrmasyny getirýärin, 20 ýyldan gowrak wagt bäri tekstleriň asyl manylaryny açyp gelýänligim sebäpli, meniň üçin ol hiç hili kynçylyk döretmeýär.Ýazgylar maňa gadymy türkmenleriň, göktekeleriň çekimli runalarynyň kömegi bilen açylmak bilen, aşakda men olary baş harplarda we degişlilikdäki oglasowkalaryny bolsa, setir harplarda görkezdim.
Şol bir wagtyň özünde, iki nokat bilen şekillendirilen aýryjy nyşanlary bolmadyk tutuş tekst, gaýtalanýan 27 türkmen sözünden durýar we gorag dogasyny ýasamak prosesini görkezýär.
Esasy tekstiň asyl türkmen dili
DaŞy aRaSSa KeSiP öN SoŇ eDeS: DiKeDDiK oŇäý: eKe oŇaý: KaDa BeS:KaDa BeS: GySyLLy KeSe: eDeS eDiLLi aR: ýaSaýy eDe BeS: BeSeDe: ýoLLaDyK
Daşyň içindäki ýazgy üç sözden ybarat we mentürkmen diline terjimesi bilen aşakda getirýärin:
KaDa SeRiŇ HaSyLDa
(Gowyarzuwlarhasylbolýar)
Şol bir wagtyň özünde, açyşymy has ynandyryjy we jedelsiz tassyklamak üçin, Herrestaddaky jaýyň golaýyndaky başga bir runa daşyndaky ýazgyny okadym, 1936-njy ýylyň başynda ol ýadygärlik diýlip okalypdyr. Daşdaky ýazgyda aýdylyşyna görä: “Gudmund bu ýadygärligi ogly Ormaryň hatyrasyna ýasadypdyr”.
Asyl okalyşynda, runa daşyndaky ýazgy jaýyň gorag dogasy bolup çykdy we ol türkmen dilinde ýerine ýetirilipdir.
Şeýlelik bilen, ýazgyny asyl görnüşde wemanyşynyň terjimesi bilen hödürleýärin.
DaŞaRa SaByR; KäTe (bolýan) GaýaDan aKaBa, eLLeR SeK KeSe:
Netijeler:
1. Skandinawiýa ýurtlarynyň runa daşlarynyň hakyky diliniň köp asyrlyk syry tapyldy we tassyklandy.
2. Bu açyşyň gumanitar ylymlar üçin ähmiýetine (etnolingwistika, gadymy taryh, medeniýet we ş.m.) çakdanaşa baha bermek mümkin däl.
3. Gadymy türkmenleriň Skandinawiýa halklarynyň etnogenezine, taryhyna we medeniýetine möhüm goşant goşandygy öň aýdylan we tassyklanan pozisiýa tassyklandy.
Ö. A. Ödekow.
Teswirler