Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň golaýynda 600 sany Ahal-Teke atylary üçin döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu baradaky habary orient.tm habar berýär.
Milli Liderimiziň gol çek kararyna laýyklykda guruljak bu athana, “Nur Bina Gurluşyk” HK-sy tarapyndan gurulup, täze athanany 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda işe girizmek meýilleşdirilýär. Belläp geçilmeli ýene bir möhüm zatlaryň biri bolsa, gurluşykda Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallary ulanylar.
Athananyň gurluşygy üçin 15,4 gektar ýer bölünip berildi we bu ýerde atlaryň saglygyna gözegçilik etmek üçin weterinariýa hassahanasy hem gurlar. Athanalar iň amatly mikroklimaty we tebigy şemaly saklar ýaly häzirki zaman tehniki enjamlar bilen üpjün ediler.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler