Türkmenistanly talyplar Çeboksaryda woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandylar

Çuwaş döwlet uniwersitetinde okaýan Türkmen talyplary, Russiýa Federasiýasynyň Çuwaş respublikasynyň paýtagtynda geçirilen halkara woleýbol çempionatynda ýeňiji boldy. Bu topar “Bitaraplyk” adynda çykyş etdiler. Bu baradaky habary arzuw.news habar berýär.

Bäsleşige gatnaşýan talyplar Türkmenistandan başga-da Müsür, Hindistan, Iordaniýa, Yrak, Gyrgyzystan, Siriýa, Täjigistan, Özbegistandan wekilçilik etdi. Ýaryşyň final tapgyryna türkmenler, özbekler, gyrgyzlar, hindi woleýbolçylary çykdylar.

Çekeleşikli geçen bäsleşikde Türkmenistandan gelen talyplar altyn medal gazandylar. Ikinji orny Özbek topary, üçünji orny Gyrgyzystan eýeledi.

Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok