Alaja

Alaja — türkmen zenanlarynyň döreden ajaýyp el işleriniň biri. Ol ir döwürlerden bäri halkymyzyň durmuşyna giňden aralaşypdyr. Şol döwürlerden bäri «Alajada gözüň agy-garasynyň, gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbi bar» diýlen aýtgy ýörgünli bolup, halk arasynda göz degmekden, göze görner-görünmez bela-beterlerden, erbet nazarlardan goranmakda alajanyň ähmiýetiniň uludygyna ynanylypdyr.

Alaja diýlen sözüň özi kalbyňa üýtgeşik jümşüldi salýan ýaly duýulýar, çünki bu söz özünde gorag, zelelden daşda bolmak, ýaramazlykdan üzňeleşmek ýaly manylary jemleýär. El işleriniň iň sadasy we iň arzylysy bolan alaja örmek, alaja işmek ene-mamalarymyzyň eşrepi deý aýan milli el işleriniň iň gadymylarynyň biridir.

Alaja hakdaky pikir-garaýyşlar ene-mamalarymyzyň durmuşynyň tejribesinden emele gelipdir. Ýiti nazarlardan, aşa taryply sözlerden goramak üçin ilimiz «tüweleme», «tüweleme, göz degmesin», «gözden-dilden daşda bolsun» diýen ýaly sözleri häli-şindi zybana getiripdirler. Soň-soňlar ýyllaryň hatar gurýan tirkeşigi türkmen durmuşyny barha kämilleşdirip, el işlerinde ýaňky ulanylýan gorag sözleriniň ýerine alaja, eňsi, gapylyk, gapytumar, sallançak bagy, aldymgaç ýaly birnäçe göz-dilden goraýjy ýüplüklerden we matalardan, dokma önümlerinden taýýarlanýan esbaplary döretmegi salgy beripdir.

Ozaldan dowam edip gelýän ynanja görä, «Çaganyň boýnunda alaja bar bolsa, erbet nazar, garaýyş ilki bilen alaja siňýär-de, togtaýar» diýlip hasap edilipdir. Şonuň üçinem, türkmen zenanynyň döreden alajasy syrly sungat hem hasaplanypdyr.

Gurbangözel ANNAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok