Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Türkmenistan tas üç onýyllyk bäri ýurduň ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda… taryhy ösüşleri üpjün edýän Garaşsyzlyk ýoly bilen öňe barýar. Türkmenistan garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.

Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Ine, 17-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda açylan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 74-nji sessiýasyna hem biziň ýurdumyz syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli konstruktiw teklipler toplumyny taýýarlady. Onuň açylyşynyň öňüsyrasynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde guramanyň agza döwletleriniň ählisiniň biragyzdan kabul etmegi bilen, Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy — «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Jarnama kabul edildi. 73 ýurt onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň 11—12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, bu halkara guramasynyň resmi dillerinde neşir edildi. Türkmenistanyň BMG-niň Hazar ekologiýa Maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy hem sebit we global bähbitlerinden ugur alýar. Türkmenistanyň BMG-niň 74-nji sessiýasynda öňe sürmegi göz öňünde tutýan Hazardaky ekologik ýagdaýyň monitoringi we Hazar basseýni ýurtlaryna degişli teklipleri taýýarlamak onuň esasy maksady bolup biler.

Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň gelejekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi.

Türkmenistan garaşsyzlygyna daýanyp, dünýäniň sport kartasynda öz mynasyp ornuny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlara ýüzlenip şeýle diýdi: «…sport ynsanyň häsiýetini, maksada okgunlylygy, çydamlylygy, mertligi hem-de durnukly bolmagy terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda özüne ynam, merdemlik, güýç-kuwwat, çakganlyk, başarnyk, ruhubelentlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak häsiýetlerini terbiýeleýär. Şu ajaýyp häsiýetleri özünde terbiýelän adam uly hormata mynasypdyr.

Biz tutuş ýurdumyzda döwrebap sport desgalaryny, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlary, sport mekdeplerini, atçylyk-sport toplumlaryny, sport meýdançalaryny gurduk. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap sport toplumlaryny, Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesini, Golf sport toplumyny bina edip, döwrebap sport düzümlerini döretdik.

Şu jümleleriň özi-de, Garaşsyz Türkmenistanyň berk sport binýadyny döretmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmäge, il-ulsuň, aýratyn-da, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmaga ýokary derejede uly ähmiýet berilýän döwletdiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Sport dünýäsinde biziň ýurdumyzy Aziada-2017 we Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty – 2018 ýaly iri ýaryşlaryň ajaýyp guramaçysy, şeýle hem, futzal boýunça nobatdaky Aziýa çempionatynyň, 2020-nji ýyldaky erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky sambo boýunça dünýä çempionatynyň we 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde tanaýarlar. Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoly beýleki köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenip, olar täze maksatlara, ösüş menzillerine ýetmegiň özeni bolup hyzmat eder. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýynda eden taryhy çykyşynda şeýle belledi: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr».

.

Meredowa Çeper,

Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň Halkara Hukugy
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok