- Alymlar tarapyndan geçirlen derňew işleriniň netijesinde ýuwaşjadan çalynýan sazyň astynda sygyr saglanda, onuň saz çalynmadyk ýagdaýy bilen deňeşdirlende köp süýt berýändigi anyklanyldy.
- Delfinler ilkinji tanyşlykda biri-birleri bilen salamlaşýarlar we oýun oýnanlarynda bir-birleri bilen adyny tutup çagyrýarlar.
- Her ýylda belkalar birnäçe täze agaçlary ekýärler. Çünki olar öz toplan ätiýaç tohumlaryny gömen ýerlerini ýatdan çykarýarlar.
- Öý towuklarynyň iň dowamly uçuşy bary-ýogy 13 sekunda çekýär.
- Itleriň we pişikleriň burnundaky şekiller, şeýle hem gaplaňyň hem zebranyň bedenindäki zolaklar edil adamyň barmak yzy ýaly “ýeke-täkdir”, ýagny “unikaldyr”.
- Žiraflaryň diliniň reňki gara reňklidir we ol 45 santimetre çenli ýetip bilýär.
- Süýdemdirijileriň gany gyzyl reňkli, mör-möjekleriň gany sary reňkli, omarlaryň gany bolsa gök reňklidir.
- Zebralar duşmanyndan gaçan mahaly zigzak dörnüşde ylgaýarlar.
- Düýeguşuň gözi onuň beýnisiniň ölçeginden hem uludyr.
- Kebelekler iýmitini aýaklary bilen dadyp görýärler.
- Pingwinlerde horazy mäkiýana “söz aýdanda” oňa bir daşjagaz berýär. Egerde mäkian pingwin “sözüni alsa”, onda daşjagazy öz höwürtgesinde goýýar.
- Şagal çagalaryny topragyň aşagynda dogurýar.
- Pandalarda ýörite ýatýan ýeri, ýagny hini ýa-da höwürtgesi bolmaýar. Olar ýadan mahaly şol ýadan ýerinde-de uklaýarlar.
Nurbibi MEMYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak
(oba hojalygynda)taýýarlyk ugrunyň talyby.
Teswirler