DOSTANA GATNAŞYKLARYMYZYŇ AÝDYŇ BEÝANY

Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan nurlanýan Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Bitarap Watanymyzyň dünýä ýurtlary bilen alyp barýan parahatsöýüjilikli, dostana gatnaşyklary ýylsaýyn berkeýär. Bu köpugurly dostana gatnaşyklar ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Toý-baýramly eziz diýarymyzyň medeni ugurda alyp barýan dost­luk­ly hem ysnyşykly gatnaşyklary hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bir serhedi paýlaşyp, bir derýanyň bol suwundan ganýan türkmen hem özbek halklarynyň dostanalyga, ynsanperwerlige ýugrulan gatnaşyklary bu gün täzeçe derejä çykýar. Alnyp barylýan ysnyşykly gat­na­şyk­lar bolsa iki ýurduň arasyndaky jebisligi, goňşuçylygy has hem pugta­lan­dyr­ýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň has hem berkeýän ýyly boldy diýsek ýalňyşmasak gerek. Muňa iki ýur­duň ara­syn­da ýo­la go­ýul­ýan söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öwrülen, ýaňy-ýakynda düýbi tutulan Türk­men-öz­bek ser­het­ýa­ka Söw­da zo­la­gy­nyň – Söw­da mer­ke­zi­, Özbegistan Respublikasynyň Ür­genç şä­he­rin­de türk­men-öz­bek dost­luk öýü­niň açyl­ma­gy, ak mermerli paýtagtymyz Aş­ga­bat­ şäherinde «Daş­kent» se­ýil­gä­hi­niň açylmagy hem iki ýurduň arasyndaky däp bolan hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň aý­dyň ny­şan­y bolup durýar.

Hä­zir­ki wagt­da Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda iki ýur­duň ara­syn­da­ky özara hyz­mat­daş­ly­gyň sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni we beýleki ul­gam­la­rdaky rowaçlanýan ösüşler döwrebap häsiýete eýe bolýar. Şeýle-de üstümizdäki ýylyň 16-17-nji noýabrynda Daşoguz welaýatynda uly joşguna, şatlyk-şowhuna beslenip geçen Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly hem bellärliklidir. Hoşniýetlilige, doganlyga, mähribanlyga ýugrulan bu festiwal beýik ägirtler bolan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem-de Aly­şir No­wa­ýynyň belent sarpasyndan nyşandyr. Geçirilen dostluk fes­ti­wa­lynyň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda iki ýurduň medeniýet hem sungat ussatlarynyň konsertiniň uly şatlyga beslenip geçirilmegi, Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky saz­ly-dra­ma te­at­ryn­da doganlyk halklaryň teatr ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde sah­na oýun­la­ry­nyň gör­ke­zi­lmegi iki ýurduň wekillerine dostanalyk, mähribanlyk paýlady. Dünýä ýurtlary bilen şeýle parahatçylyga, hoşniýetlilige hem dostanalyga ýugrulan gat­na­şyk­la­rymyzyň berkemegi ugrunda netijeli işleri alyp barýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Mähriban Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, parahatçylyga we ynsanperwerlige esaslanýan döwlet syýasaty mundan beýläk hem dabaralansyn!

Nury ATAJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
institutyň Magtymguly adyndaky ilkinji
ýaşlar guramasynyň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok