Bilim ulgamynyň ýetýän täze sepgitleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ýagny 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-ne tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek bolar. Şeýlelikde ýurtda sanly tehnologiýalaryň, sanly programmalaryň, internet serişdeleriniň has ösen görnüşleriniň ýüze çykmagy netijesinde sanly bilim ulgamynyň tutýan orny uludyr. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmen ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy.

Şeýlelik-de, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de iňlis dilini suwara bilmek wezipesi öňe çykarylýar. Kompýuter hem-de innawasion ulgamlarynda, programma üpjünçiliginiň ähli ugurlarynda kompýuterleşdirmegiň halkara dili bolan iňlis dilini talap edýär. Bu bolsa dil baýlygyny artdyrmaga uly höwes döredýär.

Bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideoaudimatriallar, okuw gollanma görkezme esbaplary, interaktiw-multimedia programmalary, saýtlar, bilim portaly, maglumat elektron kitapçalary döredilýär.

Aknur HEMRAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok