Sanly bilim

Sanly bilimiň okuw prosesiniň maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynda ornaşmagy netijesinde üýtgeşmeler bolup geçmegine getirýär.  

Okuwçylara   ylym-bilimiň  berilmeginiň dolulygyna ýetmek, olarda belli bir başarnyklary ösdürmek we ýetişdirmek hem-de jemgyýete peýdaly şahsyýetleri kemala getirmekde sanly bilimiň orny uludyr. Talyplaryň sapaklaryny öwrenmekligi höweslendirmeklikde sanly bilimiň täsiri duýulýar. Muňa  soňky döwürde  bilimiň sanly  ulgama geçmegi netijesinde bolup geçýän üýtgeşmeler  şaýatlyk edýär.

Sanly bilimli jemgyýetde ýaş talyp okuwçylar üçin tutanýerliligi we tertip-düzgüni talap edýän iş hem-de gyzykly güýmenje hökmünde garalmaly däl.     

Täze bilim almagyň ähli basgançaklaryny doly we aňly ýerine ýetirmek we okuwçylaryň özleri tarapyndan başarnyklary kemala gelmegi, şeýle hem sanly gurşawda bilim prosesiniň aýratynlyklaryna düşünmek – sanly sowatlylyk bolup durýar.

Başgaça aýdylanda, okuwçy sanly bilimiň çäginde okuw prosesini ýerlikli gurap, öz durmuş, isleg ýagdaýlaryna laýyklykda düzgün – nyzamly berjaý etmegi öwrenşmäge girişmelidir. Jemgyýet ösüşiniň çaltlaşmagy netijesinde durmuşa geçirilýän üznüksiz üýtgeşmeleri hem bilime täsir edip, bilime bolan islegiň mümkünçilikleri, adaty bilim ulgamyndan tapawutlylykda, sanly bilim ulgamyna geçen okuwçynyň öz bilimine bolan gözegçiligi ondan has uly jogapkärçiligi, tertip-düzgüni we erjelligi talap edýär. Häzirki döwürde bizim ýurdumyzda birnäçe sanly bilim portallarynyň döredilmegi talyplaryň  we okuwçylaryň biliminiň artmagyna uly täsir edýär. Täze maglumatlary elektron görnüşinde işlemeginiň birnäçe usullaryny öwrenmek bilen döwrüň talaplary bilen kybapdaş gidýärler. Internet ulgamynyň ösmegi we has giň ýaýramagy bilen online olimpiadadyr bäsleşikler gurnalyp, oňa dünýäniň ähli künjeklerinde talyp ýaşlar okuwçylardyr gatnaşýarlar. Bu babatda  «Türkmenistanda sanly bilimulgamynyň ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Onuň durmuşa geçirilmegi birnäçe tapgyrlar arkaly amala aşyrylýar. Älemiň gyragy bolmaz  ylmyň çägi bolmaz. Bilim täzeligiň we döredijiligiň çeşmesidir.

.

Gunça GURBANNAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Ýakyn gündogar dilleri kafedrasynyň arap dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok