ROLIGI KIM OÝLAP TAPYPDYR?

Ilkinji rolik aýakgabyny 1760-njy ýylda Belgiýaly alym Jon Iýosef Merlin Londonda geçirilen toýlaryň birine geýip barypdyr. Şol toýda ol öz aýakgabynyň aşagyna kiçi tekerleri oturdyp, skripka çalyp aýlanmaga başlapdyr. Ýöne onuň köp tejribesi bolman, öz tizligini hem-de ýoluny saýlap bilmän, aýna garşy urulyp ýiti şikes alypdyr. Şonuň üçin hem ol öz taslamasyny dowam etmändir. Ilkinji dört tekerli, saklanmagy we öwrülmegi aňsat bolan rolik aýakgaby 1863-nji ýylda amerikaly Jeýms L.Pimpton oýlap tapypdyr.
ASMANYŇ REŇKI NÄME ÜÇIN GÖK?

Atmosferadaky molekulalar beýleki reňklere görä gök reňki has köp ýaýradýar we asmana gögümtil reňki berýärler. Günüň şöhlesi bize ak reňkli ýaly görünýär, emma ol älemgoşaryň reňklerinden (sary, mämişi, gyzyl, mawy, ýaşyl, gök, melewşe) ybaratdyr. Şöhle atmosferadan, ýagny azon we kislorod molekulalaryndan geçýär we dürli taraplara ýaýraýar. Gök reňkiň tolkun uzynlygy beýleki reňklere görä has gysgadyr, şol sebäpden ol beýleki reňklere görä has köp ýaýraýar (gyzyl reňk bolsa tersine). Bu sebäpden biziň gözümiz asmany gök reňkde görýär.
NAHAR DUZUNYŇ DEŇIZ DUZUNDAN NÄME TAPAWUDY BAR?

Deňiz duzunyň we nahar duzunyň birmeňzeş himiki düzümi bar, emma olaryň alynyş usulyna görä tagamy we şekili tapawutly bolýar. Adyndan belli bolşy ýaly deňiz duzy deňiz suwundan ýa-da şor köllerden bugartmak arkaly alynýar. Bugartmagyň netijesinde duzuň düzüminde onuň tagamyna täsir edýän magniý, kalsiý we kaliý saklanyp galýar. Uly kristallar deňiz duzuna gödek şekili berýär. Nahar duzy bolsa duz magdanlaryndan alynýar. Alnan duz ýuwulýar, filtrlenýär we hapa maddalardan arassalanýar. Soňra duzyň biri-birine ýelmeşmezligi üçin garyndylar goşulýar. Ondan soňra ýodly duza goşmaça ýodlanan kaliý goşulýar.
KÖRIÇEGE ORGANY NÄME ÜÇIN GEREK?

Köriçege – bu ýogyn içegäniň başlanýan ýerinde ýerleşýän barmak şekilli ösüntgidir. Ol kiçijik zat bolsada, medisinada uly dawalary döredýär. Käbir lukmanlar onuň irki döwürlerde adamlara gatyrak ýapraklary we agaç gabygyny siňdirmäge kömek edýän organ bolandygyny aýdýarlar we häzirki döwürde onuň peýdasynyň ýokdygyny belleýärler. Bu pikirler adamyň köriçegesiz hem rahat ýaşap bilýändigine esaslanýar. Beýleki lukmanlar bolsa, bu organyň uly iş ýerine ýetirýändigini aýdýarlar. Geçirilen käbir ylmy barlaglara görä, bu organy bar adamlar ýokanç kesellerden has çalt gutulýarlar.
HIRURGIKI EREÝÄN SAPAKLAR NÄME?

Aslynda ereýän hirurgiki sapaklar esasan geçi, goýun, sygyr ýaly haýwanlaryň içegelerinden ýasalýar. Bu sapak birleşdiriji dokuma diýip bilinen gaty tebigy materialdan ýasalýar. Dokumanyň içinde protein kollageniň gaty süýümleri bar. Bu dokuma inçe lentalara bölünýär. Olar özara birleşip sapak emele getirýärler. Kollagen adam bedeniniň döredýän fermentleri tarapyndan eredilip biliner. Şeýlelikde ýara bitip başlan wagty sapak ýuwaş-ýuwaşdan eräp başlaýar. Sapagyň eremegi üçin ony ulanmazdan öň hromlanan duza salýarlar.
HAÝWANLARYŇ TÜÝKÜLIGI BAKTERIÝALARY ÖLDÜRÝÄRMI?

Bu sorag ýüze çykandan bäri birnäçe barlaglar geçirildi. Netijede anyk bir zat aýtmak kyn, ýöne antibakterial häsiýetler it tüýküliginde tapyldy. It tüýküliginde lisozim bar, ol bolsa käbir bakteriýalary öldürip bilýän fermentdir. Bu ferment ýaralanan ýeriň agyrysyny aýyrýar, bakteriýalaryny öldürýär. Deri öýjüklerine ýarany bitirmekde we nerw öýjükleriň döremeginde kömek edýär. Şeýlelikde it tüýküligi ýaranyň bitiş wagtyny azaltýar, ýöne ol entäk ylymda doly tassyklanylmady.
Maýsa KAMYLJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler