Dünýäniň täsin ýerleri

Haýsydyr bir haýran galdyryjy ýerlerde gezelenç edenimizde biz başga bir planetadamykak diýen pikir döreýär. Planetamyzda şunuň ýaly ýerler bar hemme zat gaty üýtgeşik, düşündirip bolmajak ol ýerler keseki görünýär. Şeýle üýtgeşik ýerleriň birnäçesini agzap geçsek.

1.Boliwiýa – Uýuni duz öýleri
Köp adamlar bu üýtgeşik ýer hakynda bilýärler, eşitdiler we hatda bolandyrlar. Boliwiýanyň paýtagtyndan 500 kilometr uzaklykda ýerleşýän meşhur duzly batgalyk, birnäçe müň ýyl ozal guran hem bolsa, gaty duzly kölden hasaplanylýar. Onuň tutuş üsti (takmynan 10,5 inedördül kilometre deňdir) daş duzy bilen örtülendir. Bu ýerler ýylyň islendik wagtynda owadan we ajaýypdyr. Galyberse-de, Boliwiýada ýagyş möwsümi başlanynda meşhur köli asmany görkezýän äpet aýna öwrülýär. Bu döwürdäki suratlar ýönekeý bir jadyly bolup çykýar – gök bilen ýeriň arasynda bir ýerde howada ýüzýän ýaly.

2. Senegal – Retba köli
Retba köliÝer şar togalagynyň iň gözel, ajaýyp ýerleriniň sanawyna girizildi. Onuň aýratynlygy ajaýyp gülgüne reňkidir. Bu kölde hemişelik ýaşaýan ýeri hökmünde saýlan iň gadymy mikroorganizmler üçin suw sianobakteriýalaryň kömegi bilen şeýle adaty bolmadyk reňk aldy. Retba kölüniň özi gaty çuň bolman,  gaty uly – meýdany 3 inedördül metr, iň ýokary çuňlugy bary-ýogy 3 metre barabardyr. Öz meýdanynyň uly bolmadygy üçin suwuň düzümindäki duzuň konsentrasiýasy gaty az , Öli deňzinden 1,5 esse köp. Şonuň üçin tutuş kenaryň ap-ak bolmagy geň däldir.

Kenarda ýerleşýän myhmanhanalar myhmanlaryna güýmenje üçin birnäçe wariant hödürleýär – gaýyk syýahaty we gülgüne kenarýaka gezelenç. Elbetde, kosmos landşaftlarynyň fonunda surat sessiýasyny gurnamak bolar.

3. ABŞ – Lassen seýilgähi
Demirgazyk Kaliforniýanyň Lassen seýilgähinde ýerleşýän reňkli gümmezler hem Ýeriň ýüzünden bolman başga ýerden gelip çykan ýaly pikir döredýär. Muňa birnäçe ýüz ýyl ozal bolup geçen wulkanyň atylmagy sebäp boldy. Wulkanyň küli göni gyzgyn lawa akymyna çöküpdir. Okislenme netijesinde köp reňkli çyzyklar we bu ýerleriň beýleki geologiki aýratynlyklary emele gelipdir.

4. Çili – Peruda älemgoşar daglary
Peruda bir täsin tebigy hadysa görünýär. Meşhur «National Geographic» žurnaly Çilidäki reňkli daglary «adam öz durmuşynyň dowamynda 100 sany hökman baryp görmeli ýerler» hataryna goşdy. Daglar birnäçe million ýyl ozal howa şertleriniň, ýerasty suwlaryň we minerallaryň garyndylarynyň täsiri astynda köp reňkli diýen ady aldyю Häzirki wagtda köp sanly jahankeşdeleri we surat söýüjileri özüne çekýär. Winikunke atly iň meşhur älemgoşar dagynyň aýagynda hemme owadanlygyny görmek üçin ortaça bir gün töweregi dowamlylygy bilen köp gezelenç gurnalan. Şeýlede Palkkoýo atly reňkli älemgoşar dagyna haýran galyp bolýar. Ulag bilen bu daga gaty ýakyn baryp bolýar, bu bolsa, reňkli görnüşlerinden has çalt lezzet alyp boljakdygyna begendirýär. Gözüňiziň öňünde nähili üýtgeşik palitranyň açylandygyndan lezzet alyp bolýar .

5. Irlandiýa – ägirtleriň yzy
Ýene bir gyzykly ýer – ägirtleriň hakyky ýoly. Irlandiýanyň iň meşhur ýerlerinden biri birnäçe müň derejeli sütünler bilen görkezilýär. Alymlar bu ajaýyp tebigy hadysanyň wulkan atylmagynyň netijesinde dörändigini öňe sürýärler. Gadymy döwürlerde bu ýerde derýa akýardy, ol ýykylan lawany çalt sowadýar eken. Wulkanyň gatan bölegi güýçlenip, öz agramy bilen aşak basyp täze «ädim» düýp döretmäge mümkinçilik beripdir. Bu beýiklige we görnüşleriň ajaýyp geometriýasyna seredeniňde, bu ýerde mistiki gatyşmanyň ýokdugyna asla ynanar ýaly däl.

6. Wýetnam – ýalpyldawuk aýlag
«Ýalpyldaýan» suw – adaty duşýan bir hadysadyr. Oňa garaňkyda suwuň üstünde hereket edýän ýalpyldawuk planktonlar  sebäp bolýar. Bu tebigy hadysany görmek üçin iň owadan ýerleriň biri Wýetnamyň Paragon kenarydyr. Agşam ýa-da gije Nha Trangyň golaýyndaky bu kiçijik rahat kenara baryp görmek bilen, ajaýyp çykyşyň bir bölegi bolarsyňyz we ajaýyp duýgulary başdan geçirersiňiz. Planktonyň suwda peýda bolmagyny öňünden aýdyp bolmaýar, ýöne adatça olary tomus aýlarynda görüp bolýar. Deňiz kebelekleriň zäherli maddalary çykarýandygy sebäpli gije suwda ýüzmekden ägä bolmak maslahat berilýär.

Mähriban KURBANBAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok