Dil milletiň ruhy keşbi

Ýurdumyzda hä­zir­ki wagtda ylym-bi­li­m babatynda tä­ze ta­lap­lar bil­di­ril­ýär. Ýagny, bi­li­mi çuň­ňur öw­ret­mek üçin okadylyşyň, täze hü­när öw­re­di­li­şi­niň dür­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ry göz­le­nil­ýär. Şol sanda ýurdumyzda “Türkmenis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Konsepsiýasynyň” ka­bul edil­me­gi türk­men ýaş­la­rynyň dünýä dil­le­ri­ni çuň­ňur öw­ren­mek­le­ri üçin hu­kuk esas­la­ry bo­lup dur­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň diýarmyzyň bi­lim ul­ga­my­na aý­ratyn üns ber­me­gi ýaş nes­liň kemala gelmeginiň diňe bir bi­lim derejesi­ne däl-de, eý­sem ýaşlaryň edep-ter­bi­ýe­si­niň hem kämil­leş­me­gi­ne oňaý­ly tä­sir ed­ýär. Bi­lim ul­ga­my­nyň dür­li bas­gan­çak­la­ryn­da hem bolşy ýaly, bilim ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni alyp bar­makda hem birnäçe tä­zelik­ler, dün­ýä yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Ýurdumyzda, bagty­ýar­lyk döw­rü­niň ösen şah­sy­ýe­ti­ni ke­ma­la getirmekde bi­lim – ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri türk­men hal­ky­nyň ah­lak ýol-ýörelge­le­ri­ne, mil­li däp-dessurla­ry­na, şeý­le hem halk mu­gal­lym­çy­lyk taglymat­la­ryna esaslandyryl­ýar. Şol sanda biziň  hem ins­ti­tu­ty­myz­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­ýän dil­çi mugallymlar, ter­ji­me­çi­ler taýýarlanylýar. Ola­ryň öwren­ýän kär­le­ri­ne kä­mil bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri hem-de, dün­ýä dil­le­ri­niň bir­nä­çe­sin­de su­wa­ra gür­läp bil­ýän hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin köp ala­da­lar edil­ýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda hem insti­tu­ty­myz­da di­li öw­re­nil­ýän ýurt­lar bi­len bagla­ny­şyk­ly dil hepdelikle­ri­ni ge­çir­mek dä­be öwrül­di. Şeý­le hem ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­miz­de “Iň oňat terjime”, “Iň oňat ma­ka­la” at­ly bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­megi munuň aýdyň mysalydyr. Geçirilýän bäsleşikler esa­syn­da gural­ýan dür­li me­de­ni çä­re­ler ta­lyp­la­ryň barlag iş­le­rini, yl­my gyzyklanmalary­ny art­dyr­ýar. Bu bol­sa olaryň dil öwren­mek ukyp­la­ry­nyň işjeňleşmegine alyp barýar. Mundan başga-da, Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­lyk toý-dabarala­ry­nyň öň ýan­la­ryn­da­ky günler­de geçi­ril­ýän dür­li baý­ram­çy­lyk çä­re­le­rin­de ýaş­lar Türkme­nistan döw­le­ti­niň hal­ka­ra gatnaşyk­la­ryn­da ga­za­nan üstün­lik­le­ri­ni, Wa­ta­ny­my­za bo­lan buý­sanç­la­ry­ny öw­ren­ýän di­lin­de beýan ed­ýär­ler. Institutymyzda şeý­le çä­re­le­riň yzy­gi­der­li geçirilip du­rma­gy talyp­ ýaşlaryň daşa­ry ýurt di­li­ni we şol dil­de gep­le­ýän halk­la­ryň me­de­ni­ýe­ti­ni, ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­le­ri­ne uly gyzyk­lan­ma dö­red­ip, dö­re­di­ji­lik­li iş­lemä­ge ruh­lan­dyr­ýar.

Laçyn HUDAÝGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň
2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok