Alkyş eýesi hasaplanýan mugallymçylyk käri – köpugurly, döredijilikli zähmeti talap edýär. Öz kärini ýürekden söýüp, çagalary edepli-ekramly, bilimli-düşünjeli edip ýetişdirýän mugallym bagtly, ilhalar adamdyr. Işinde ýokary jogapkärçiligi talap edýän bu hormatly käriň eýeleriniň güni aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Her ýylyň 5-nji oktýabrynda “Bütindünýä mugallymlar güni” mynasybetli baýramçylyk çäreleri dünýäniň 100-den gowrak döwletinde bellenilip geçirilýär. Ýigrimi bäş ýyldan bäri bellenilip gelinýän bu baýramçylyk 1994-nji ýylda döredildi. Bu günki gün bütin dünýäde ähli mugallymlaryň we bilim ulgamyndaky işgärleriň hünär baýramçylygy bolmak bilen, ýaşlara ýokary hilli bilim bermekde mugallymlaryň tutýan ornunyň we jemgyýetiň ösüşinde bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň dabaralanýan günüdir.
Bu gününiň döredilmeginiň taryhy 1966-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Parižde mugallymlaryň ýagdaýy boýunça geçirilen ýörite hökümetara maslahatyndan gelip çykýar. Onuň netijesinde, ÝUNESKO-nyň we Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri “Mugallymlaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly teklibe” gol çekýär. Bu resminama mugallymlaryň hukuklaryny we borçlaryny, başlangyç we ýokary hilli bilimiň , şeýle hem işe almak we işe ýerleşmek, okatmak we okuw şertleri üçin halkara ülňüleri kesgitleýär. Netijede, ilkinji gezek 1994-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Bütindünýä mugallymlar güni bellenilip, häzirki güne çenli dowam edip gelýär.
Bilim boýunça Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň 4-nji maksadynyň kabul edilmegi ýokary hilli bilimi üpjün etmekde mugallymlaryň bilim ulgamynda 2030-njy ýyla çenli gün tertibine ýetmegiň açary hökmünde ykrar edýär. Onda geçmişde bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri bellenilýär we galan päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň ýollary öwrenilýär.
Bütindünýä mugallymlar güni ÝUNISEF, Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde geçirilýär.
Köp döwletlerde mugallymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Ýagny, Russiýa Federasiýasy 1994-nji ýyldan bäri dünýä senenamasy boýunça – 5-nji oktýabrda Mugallymlar gününi belleýär. Ozal bu hünär baýramçylygy oktýabr aýynyň birinji ýekşenbesinde düşýärdi. Munuň bilen birlikde oktýabr aýynyň birinji ýekşenbesinde Azerbaýjanda, Belarusda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Latwiýada, Ukrainada Mugallymlar güni bellenilýär.
Şahnoza EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Şeýle-de okaň:
Mugallymlar güni haçan bellenilýär?
Göçme okuw hyzmatlary hödürlenýär
“Päk Nesil” okuw merkezinde mugallymlar üçin amaly okuw geçirildi
Ussadyň başlangyç synp mugallymy
Mekdeplerde psiholog-mugallym wezipesi dörediler
IT ýokary okuw jaýynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşi
ILKINJI MILLI ÇEPERÇILIK MEKDEBINE 100 ÝYL
8-nji sentýabr – halkara sowatlylyk güni
9-njy sentýabr – Bilimi goramagyň halkara güni
KUWWAT ABRAÝEW – BILIM DÜNÝÄSINIŇ ÝAŞ PARLAK ÝYLDYZY
1-nji sentýabr – Bilimler güni
Bilim ulgamyň hukuk binýady
Aşgabatda tölegli esasda işleýän täze bilim ojagy açylar
Bilim ministrliginiň resmi saýty öz işine başlady
Bilim we sporta bagyşlanan halkara sergi hem-de maslahat öz işine başlaýar
Pedagogika barada seminar geçirildi
«Diller dünýäsinde» metodika seminary geçirildi
Teswirler