«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň žurnalistleriniň, döredijilik bilen meşgullanýan raýatlarynyň we fotosuratçylarynyň arasynda «Bir belent ykbal sen illere, bedew!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady asuda Diýarymyzda behişdi bedewlere goýulýan belent hormat-sarpany, olaryň at-owazasyny Ýer ýüzüne ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, şeýle-de milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary geljek nesillere miras galdyrmak, taryhy müňýyllyklara uzaýan bedewlerimize bolan çuňňur söýgini döretmek arkaly ýaşlary terbiýelemek, olaryň Watana, ruhy-medeni mirasymyza söýgüsini, atşynaslyk sungatyna bolan höwesini artdyrmak, onuň inçe syrlaryny öwretmek babatda durmuşa geçirilýän çäreleri açyp görkezmekden ybaratdyr. Şeýle-de bu bäsleşigi geçirmek bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri, ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamakda alnyp barylýan netijeli işleri şöhlelendirmek, türkmen jemgyýetinde bedewleriň ornunyň örän uludygyny, gyzdan gylykly, duýgur, üşükli, gaýduwsyz, wepaly türkmen bedewleriniň belent hormat-sarpasyny açyp görkezmek, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň çuňňur many-mazmunyny düşündirmek hem-de täsirli beýan etmek maksat edinilýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işlerde (makalalarda we oçerklerde) ýokarda aýdylanlar babatda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Şol sanda ýurdumyzda arassa ganly, tohum atlary ösdürip ýetişdirmekde amala aşyrylýan işler, halypa atşynaslara hem-de çapyksuwarlara goýulýan hormat-sarpa mynasyp beýan edilmelidir. Atşynaslyk sungatynyň gadymy yzlaryna, bu ugurda halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilişine degişli maglumatlar ýerlikli ulanylmalydyr. Mundan başga-da, geçmişde yz goýan nusgalyk atlar, atşynaslar hem-de çapyksuwarlar ýa-da bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda zähmet çekip gelýän seýisler hakynda ýazylýan makaladyr oçerklere töwerekleýin çemeleşilmelidir.
Bäsleşige hödürlenilýän suratlarda türkmen bedewiniň gözelligi, ýyndamlygy, milli bezeg esbaplary, tebigatdaky görnüşleri görkezilmelidir. Suratlar fotoreportaž görnüşinde bolmalydyr. Hödürlenilýän işler, fotosuratçylaryň suratlary gazet-žurnallarda ozal çap edilen bolmaly däldir.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän ildeşlerimiz oňa hödürleýän işlerini «Bir belent ykbal sen illere, bedew!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan_gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky maglumatlar bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, şu ýylyň 20-nji apreline çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar. Olara döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer.
Bäsleşik Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli jemlener. Ýeňijilere «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-94.
Teswirler