«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi bilen bilelikde «Garaşsyzlyk — biziň buýsanjymyz» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşik ildeşlerimiziň makalalarydyr goşgulary, hekaýalary boýunça geçiriler. Bäsleşige gatnaşyjylar öz döredijilik işlerini 2026-njy ýylyň sentýabryna çenli hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän goşgular, makalalar, hekaýalar ozal döwürleýin neşirleriň hiç birinde çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik bolmalydyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Garaşsyzlyk — biziň buýsanjymyz» diýen ýazgy bilen hödürläp, onuň ýanyna özleri baradaky maglumatlary (Maglumatnama, pasportunyň nusgasy, 2 sany 3×4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar.
Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin eminler topary döredilýär. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak üçin bir sany Baş baýrak, bir sany 1-nji orun, iki sany 2-nji orun, üç sany 3-nji orun we höweslendiriji baýraklar bellenilýär.
Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlener. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýolunyň 100-nji jaýy, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, E-mail salgysy: bereketlitoprak@sanly.tm
Habarlaşmak üçin «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasynyň telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-70;
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi: 44-87-02
Teswirler