«Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge, gözel tebigatymyza bolan söýgini has-da artdyrmaga, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berilýär. Şu maksatdan ugur alyp, «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet sahypalarynda şöhlelendirmek maksady bilen, «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik, gözel tebigatymyz bilen baglanyşykly makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän işlerde berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň asudalyk, agzybirlik, abadançylyk, ynsanperwerlik ýaly düşünjeleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitiň we dünýäniň parahatçylykly ösüşlerine, halklaryň ynanyşyp ýaşamaklaryna ýetirýän täsiri, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny gözüň göreji deýin goramak we oňa söýgi bilen garamak bilen bagly garaýyşlar şöhlelendirilmelidir. Şeýle hem eserleriň mazmuny ýurdumyzda «ýaşyl» ösüşe gönükdirilen işler, Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we tebigatyň abadançylygy, her bir adamyň gündelik durmuşynda tebigaty goramaga goşup bilýän goşandy, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda alnyp barylýan işler bilen bagly bolup biler.

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgisini) goşmalydyr. Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşurylar. Hödürlenjek eserleri «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 16-syna çenli «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň watan@sanly.tm elektron poçtasyna ibermeli.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok