
2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda bolup geçjek doly Gün tutulma hadysasy, takmynan 6 minut 23 sekunt dowam eder. Bu tebigy hadysa geljek 100 ýylyň iň dowamly tutulmasy bolar.
Ýüz ýylda bir gezek bolýan bu üýtgeşik asman hadysasyna astronomiýa janköýerleri häzirden uly tolgunma bilen garaşýarlar. 2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda boljak doly Gün tutulmasy, takmynan 6 minut 23 sekuntlap dowam etjek garaňky pursatlary sebäpli “asyryň Gün tutulmasy” diýlip atlandyrylýar.
Bu täsirli tutulmanyň beýle uzak dowam etmeginiň sebäbi — Aýyň şol gün Ýere adaty wagtdakysyndan has ýakyn bolmagydyr. Aý Günüň öňüni has uzak wagtlap doly bürär we asman gündiz wagty adaty bolmadyk derejede garaňkylyga gaplanar.
Tutulmany iň aýdyň görnüşde Ispaniýadan synlamak mümkin bolar. Şeýle hem bu Gün tutulmasy 1991-nji ýyldan bäri gury ýerde iň uzak synlanyp bilinjek tutulma bolar we şuňa meňzeş dowamlylykdaky Gün tutulma tä 2114-nji ýyla çenli gaýtalanmaz.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda boljak Gün tutulmasy Türkmenistanyň ähli künjeginden anyk görner. Bu doly (6 minutlyk garaňkylyk) däl-de, bölekleýin tutulma bolar. Tutulma Türkmenistanda öýlän sagatlarynda bolar: 14:30 – 16:30 aralygy (Aşgabat wagty bilen).
Atajan EÝÝUPOW,
habarçy, žurnalist.
Teswirler