Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan özüniň täze taryhy eýýamyny gurýar. Bu günki gün ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň we gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň düýp özeni sazlaşykly ösüşiň berk binýadyna daýanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gözýetimli özgertmeler diňe bir ykdysady görkezijileriň artmagyna däl, eýsem halkyň ruhy we durmuş derejesiniň hem yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Döwletimiziň saýlap alan durnukly ösüş ýoly milli gymmatlyklar bilen dünýäniň iň döwrebap tejribeleriniň ajaýyp utgaşmasydyr.
Sazlaşykly ösüşiň iň möhüm sütünleriniň biri ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagydyr. “Türkmenistanyň 2022–2052-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasy” geljek otuz ýylyň aýdyň ýoluny görkezmek bilen, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda täze gurulýan önümçilik desgalary, döwrebap zawod-fabrikler diňe bir ykdysady bähbit getirmän, eýsem ekologiýa kadalaryna doly laýyk gelýän “ýaşyl” tehnologiýalar esasynda guralýar. Bu bolsa tebigat bilen ynsan arasyndaky sazlaşygyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigiň subutnamasydyr. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň mysalynda dünýä taryhyna giren “akylly” şäher konsepsiýasy Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň ýokary derejesini bütin dünýä aýdyň görkezdi. Şu nukdaýnazardan, sazlaşykly ösüş diňe ykdysady görkezijiler bilen çäklenmeýär. Ol ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynyň kämilleşmegini hem öz içine alýar. Ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagy, iňňän döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmagy döwletimiziň geljekki ösüşiniň kepilidir.
Bilim ulgamyndaky özgertmeler milli terbiýeçilik mekdebimiz bilen häzirki zaman ylmyň gazananlarynyň bir nokada jemlenmegidir. Şunlukda, döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler her bir raýatyň öz ukybyny amala aşyrmagyna we ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmagyna itergi berýär. Sözüň doly manysynda, Türkmenistanyň barha dabaralanýan sazlaşykly ösüşi agzybirligiň we bitewiligiň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi halkymyzyň bagtyýar geljeginiň binýadyny has-da berkidýär. Sazlaşykly ösüş — bu güýçli döwlet, abadan durmuş we her bir raýatyň kalbyndaky geljege bolan uly ynamdyr. Bu ýol Türkmenistanyň dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidip, baky rowaçlyklara tarap alyp barýar.
Uzuk BAÝAROWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler