Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýylyň döwrebap şygar bilen atlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüş ýollaryny we öňde goýan belent maksatlaryny aýdyň beýan edýän özboluşly ýörelgedir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu şanly ýyl hem halkymyzyň kalbynda uly buýsanç döredip, täze ýeňişlere ruhlandyrýan döwür çyragyna öwrüldi. Bu şygar biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny hem-de türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň batly gadamlaryny özünde jemleýär.
Şygyryň mazmunynda jemlenen «bedew batly» diýen düşünje ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamynda gazanýan ägirt uly ösüşleriniň tizliginiň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň iň çalt ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Täze gurulýan ak mermerli binalar, senagat toplumlary we halkara ähmiýetli ulag-aragatnaşyk taslamalary bu batly gadamlaryň aýdyň subutnamasydyr.
Şanly ýylyň şygary her bir türkmenistanlyny öz zähmeti bilen Watanyň kuwwatyny artdyrmaga, döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende götermäge çagyrýar.
Şunda «at-myradyň mekany» diýen jümle halkymyzyň asyrlar boýy kalbynda beslän arzuw-islegleriniň häzirki döwürde hasyl bolýandygyny aňladýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň iň uly baýlygymyzdyr. Bu mukaddeslikler parahatçylygyň, dostlugyň we durnukly ösüşiň sarsmaz binýady bolup durýar. Ýylyň şygary diňe bir şu günki gazanylýan üstünliklere däl, eýsem geljekki nesilleriň abadan durmuşyna, ýaşlaryň ylymly-bilimli we kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilen milli strategiýanyň hem beýanydyr. Şoňa görä-de, bu şanly ýylyň her bir güni taryhy wakalara we halkyň bagtyýarlygyny dabaralandyrýan beýik ösüşlere beslenýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda amala aşyrylýan işler biziň agzybirligimiziň we bitewiligimiziň nyşanydyr. Bu şygar halkymyzy täze döredijilikli zähmete ruhlandyrmak bilen, döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornunyň has-da berkemegine hyzmat edýär. Goý, bedew batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzyň her bir ýyly rowaçlyklara, parahatçylyga we bagtyýarlyga beslensin!
Nabat HOJAMBERDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler