Magtymguly Pyraga bagyşlanan täze kinofilm: «Arzyman»

«Mekanfilm» studiýasynyň esaslandyryjysy, režissýor we ssenariçi Çaryýar Seýidow özüniň täze «Arzyman» atly çeper filminde şahyryň ykbalyna öz garaýşyny hödürleýär.

Häzirki wagtda filmiň gurnama işleri dowam edýär. Awtoryň belleýşi ýaly, bu film diňe bir ykrar edilen nusgawy şahyr baradaky monumetal eser bolman, eýsem, geljekki akyldaryň çagalyk dünýäsine, onuň ilkibaşky ýetişen gözbaşlaryna amala aşyrylan täsirli syýahatdyr. Tomaşaçylar geljekki şahyry obadaş çagalaryň arasynda, ýaýlalarda çopan bolup ýören we çagalyga mahsus bolan ilkinji kynçylyklary ýeňip geçýän pursatlarynda görerler.

Filmi döretmek üçin Çaryýar Seýidow ilki bilen taryhy çeşmeleri we arhiwleri öwrendi, soňra bolsa Balkan welaýatyna – Magtymguly Pyragynyň doglan mekany bolan rowaýaty Gerkez obasyna gitdi.

Surata düşüriş işleri Kiçi Balkanyň ajaýyp daglarynyň arasynda, beýik şahyryň gadam basan ýodalarynda alnyp baryldy. Režissýor zerur bolan pursatlary surata düşürmek üçin hatda günüň şöhlesi zordan düşýän gowaklara-da girip gördi. Hut şol täsin ümsümlikde, çeşme damjalaryň sesiniň astynda dünýäni çagalyk mähri bilen düşünýän oglanjygyň bütin älemi haýrana goýjak ilkinji setirlerini neneňsi düzüp başlandygyny görkezmek başartdy.

– Filmiň «Arzyman» ady «arzuw edilen» diýen manyny berýär. Şeýle hem bu at filmiň ruhuna öwrülen milli sazymyzyň adydyr – diýip, Çaryýar Seýidow gürrüň berýär.

Awtoryň pikirine görä, saz we wizual görnüşler arkaly baş gahryman Gerkeziň belent daglarynyň arasynda özüniň ebedi sözlerine siňip gidýär: «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň». Bu ses asyrlaryň jümmüşinden gelýän sesdir.

Filmde Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow, Gülnabat Abdyllaýewa, Mekan Jumabaýew we beýleki sahna ussatlary çykyş edýärler. Kiçijik Magtymgulynyň keşbi bolsa mekdep okuwçysy Deňizhan Abdyrahmanowa ynanyldy. Filmi 27-nji iýuna – Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe çenli doly taýýar etmek meýilleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok