Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan özüniň beýik geljegini ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly we milli ruhly ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň özeni hem hut ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere goýulýan uly ynamda jemlenýär. Şu günki ýaşlar — Türkmenistanyň kuwwatly senagat döwletine öwrülmeginiň, sanly ulgamyň ösmeginiň we halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň esasy hereketlendiriji güýjüdir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylmyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmegi we öz zehinlerini açyp görkezmegi üçin ähli şertler döredilendir. Täze açylýan ýokary we orta hünär okuw mekdepleri, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalar we okuw merkezleri bilim ulgamynyň dünýä derejesinde kämilleşýändiginiň subutnamasydyr. Türkmen ýaşlarynyň halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda we ylmy maslahatlarda gazanýan ýeňişleri — bu döwletimiz tarapyndan bilim ulgamyna goýulýan maýa goýumlarynyň ajaýyp miwesidir. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi bolsa ýaşlara islendik wagtda dünýäniň iň täze maglumatlaryna elýeterli bolmaga we öz bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Emma bilimli bolmak diňe bir tehnologiýany bilmek däl, eýsem milli gymmatlyklarymyza, taryhymyza we medeniýetimize wepaly bolmagy hem aňladýar. Bilimli ýaşlar öz bilimini halkymyzyň asyrlar boýy kemala getiren asylly ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, Watana wepaly gulluk etmelidirler. Häzirki döwürde ýaş nesillerimiziň arasynda ýokary tehnologiýalardan baş çykarýan programmaçylaryň, inženerleriň, lukmanlaryň we ykdysatçylaryň kemala gelmegi ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň berk binýadydyr. Sebäbi akyl-paýhas bilen suwarylan bilim — islendik döwletiň iň uly baýlygydyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlara goýulýan ynam has-da artýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan rowaçlandyrylýan ýaşlar syýasaty nesilleriň arasyndaky dowamatlylygyň dowamydyr. Bilimli, zehinli we ruhy taýdan kämil ýaşlar — biziň döwrümiziň buýsanjy, mertebesi we parahat geljegimiziň kepilidir. Olaryň gazanýan her bir üstünligi Türkmenistanyň şanly taryhynyň täze sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.
Annagül ORAZBERDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler