Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze taryhy döwre — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne uly rowaçlyklar bilen gadam basdy. Her bir ýylyň özboluşly şygar bilen atlandyrylmagy bolsa, şol ýylyň maksatnamalaýyn ösüşleriniň we belent sepgitleriniň ruhy sütünine öwrülýär. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi halkymyzyň agzybirliginiň, döwletimiziň kuwwatynyň we geljege bolan ynamly gadamlarynyň aýdyň beýanydyr.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” – bu şygar diňe bir söz däl, eýsem, mähriban Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň, ykdysady we medeni ösüşleriniň täze badalgasydyr. “Bedew batly” diýen jümle türkmen halkynyň wepaly hem-de asylly syrdaşy bolan ahalteke bedewlerimiziň ýyndamlygyny, ösüşleriň tizligini aňladýar. At-myrat bolsa, her bir türkmen ojagynda beslenýän ak arzuwlaryň, beýik maksatlara ýetmegiň nyşanydyr.
Ýylyň şygarynyň mazmunynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky parahatçylyk söýüji ýörelgeleri we içerki syýasatdaky “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi jemlenýär. Şugla saçýan çyrag mysaly, bu şygar biziň her bir tutýan işimize, ylym-bilim, medeniýet we senagat pudaklaryndaky täze taslamalarymyza ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.
Şu ýyl durmuşa geçiriljek beýik işler, açyljak täze binalar we döwrebap şäherler hut şu şygaryň astynda täze many-mazmuna eýe bolar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýlap alan ak ýoly bilen, Türkmenistan döwletimiz dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hatarynda öz ornyny has-da berkider.
Hakykatdan-da, ýylyň şygary döwrümiziň çyragy bolup, kalplarymyza ylham, işlerimize rowaçlyk, durmuşymyza bolsa täze bir nur çaýýar. Bu mukaddes toprakda amala aşyrylýan ähli tutumlar geljek nesiller üçin uly mekdep, dünýä jemgyýetçiligi üçin bolsa durnuklylygyň nusgasydyr.
Amangözel ORAZOWA,
Kaka etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.
Teswirler