2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan şäheri) 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi. Şeýle-de çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy guraldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Maslahata Konsullygyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Astrahan welaýaty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, Astrahan welaýatyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň türkmen dili mugallymy hem-de bu sebitde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çäre 2026-njy ýylyň şygarynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Çykyş edenler şu ýylyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna gabat gelýändigini, şygaryň bolsa milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerini alamatlandyrýandygyny nygtadylar
Kitabyň tanyşdyrylyşy mahalynda çykyş edenler eseriň dokuz bölümden ybaratdygyny belläp, onda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň kemala gelmeginiň esasy tapgyrlarynyň, şeýle hem ýurduň halkara hukuk derejesiniň dünýä parahatçylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki möhüm ornunyň giňişleýin beýan edilýändigini bellediler.
Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler