Ankarada ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde 2026-njy ýylyň şygary — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ada bagyşlanan hem-de türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine gönükdirilen maslahat geçirildi. Çäre Ankara şäheriniň Söwda-senagat palatasynyň binasynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Maslahata Türkiýe Respublikasynyň döwlet edaralarynyň we ministrlikleriniň wekilleri, diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary, halkara hem-de jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň temsilçileri gatnaşdylar. Şeýle hem ylmy-seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary, bilermenler, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çärä işjeň gatnaşdylar.
Maslahatyň ilkinji mejlisinde 2026-njy ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň ideýalarynyň logiki dowamydygy bellenildi.

Çykyş edenler häzirki şygaryň mazmunynyň diňe bir türkmen halkynyň taryhy gymmatlyklaryna bolan ygrarlylygy däl-de, eýsem häzirki döwrüň global ýagdaýlary bilen hem berk baglanyşyklydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýändigi bellenildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukuk ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibiniň ýurduň halkara hukugyň ýörelgelerine we hukugyň üstünligine berk ygrarlydygyny görkezýändigi aýratyn nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň meselelerine üns çekildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döwlet syýasatynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini bellediler. Bu syýasatyň netijesinde ýurduň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi we raýatlaryň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygy nygtaldy.

Maslahatyň ikinji mejlisinde gatnaşyjylar türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, özara maýa goýumlaryny nebitgazhimiýa, oba hojalygy, ulag-logistika, telekommunikasiýa hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamlaryna çekmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle-de maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň hususy pudagy ösdürmäge hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn ähmiýet berýändigi, işewürlik üçin amatly şertleriň we dürli ýeňillikleriň döredilýändigi bellenildi.

Ataş GANDYMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok