Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasynda FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasyny döretmek we tehniki goldaw bermek barada Ylalaşyk gazanyldy. Degişli resminama 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen FAO-nyň Baş direktory Sýu Dunýuýiniň arasynda geçirilen duşuşygyň netijesinde gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garaýandygy bellenildi. Türkmen tarapy bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga taýýardygyny beýan etdi.
Taraplar 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, şeýle hem FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm tapgyry boljakdygyny bellediler.
Gepleşiklerde howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebitleýin maslahatlary geçirmek meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle çäreleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak üçin netijeli platforma boljakdygy nygtaldy.
Mundan başga-da, durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Çölleşmä garşy göreş boýunça hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlaryna üns çekildi.
Duşuşykda şeýle hem Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri FAO-nyň agzasy bolup, gurama ýurduň oba hojalyk ulgamynyň ösüşine yzygiderli goldaw berýär.
Gülaýym ŞAÝYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler