BMG Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň jemleýji resminamalaryny neşir etdi

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirilen iki möhüm halkara çäräniň jemleýji resminamalaryny resmi ýagdaýda neşir etdi. Bu resminamalar BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň 80-nji sessiýasynyň resmi materiallarynyň hataryna girizildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Ilkinji resminama “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly halkara maslahatyň jemlerini öz içine alýar. Onda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny güýçlendirmek hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Ikinji resminama 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň dowamynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasyny öz içine alýar. Jarnamada dialogyň, özara ynamyň we bitaraplygyň parahatçylygy berkitmekdäki möhüm orny nygtalýar.

Bu resminamalaryň BMG-niň resmi ýazgylaryna girizilmegi Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna berilýän ýokary baha hökmünde garalyp, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Begenç GURBANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok