Aşgabat şäherinde türki dilli halklaryň umumy etnomedeni mirasyny birleşdirýän möhüm waka geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde ÝUNESKO tarapyndan 15-nji dekabryň «Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre guraldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu halkara senäniň döredilmegi baradaky başlangyç Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan öňe sürlüp, Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisinde resmi taýdan kabul edildi.
Çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri bilen bir hatarda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, metbugat wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok çykyşynda diliň taryhy dowamatlylygyny gorap saklamagyň, medeni mirasyň nesilden-nesle geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň goşýan uly goşandyna aýratyn üns çekildi.
Diplomatyň belleýşi ýaly, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat türki dilleriň özboluşlylygyny, umumy ruhy baýlygyny hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň birleşdiriji güýjüni açyp görkezýän möhüm merkezleriň biridir. Türkmenistan türki dil maşgalasynyň gadymy we ähmiýetli şahalarynyň biri bolup, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli diliň, edebiýatyň we medeniýetiň ösdürilmegine uly üns berdi hem-de türki dünýäsi bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli berkitdi.
ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna laýyklykda, türki dillerde dünýäde 200 milliondan gowrak adam gürleýär, olaryň ýaýran meýdany bolsa 12 million inedördül kilometre golaýdyr. Bu lingwistik maşgala türkmen, türk, azerbaýjan, gazak, gyrgyz we özbek dillerini öz içine alýar.
Bu başlangyç maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga we dünýä dilleriniň köpdürlüligini goldamaga gönükdirilip, türki halklaryň umumy dil-medeni gymmatlyklarynyň ählumumy ähmiýetini has-da artdyrmaga hyzmat eder.
Nurana KABULOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.
Teswirler