«Ösüşlere beslenýän bedew batly Watanym» atly dabaraly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde «Ösüşlere beslenýän bedew batly Watanym» atly aýdym-sazly çäre hökmünde guraldy.

Maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda 2026-njy ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmuny giňişleýin beýan edildi, şeýle hem türkmen bedewleriniň taryhy şan-şöhraty, türkmen bedewlerini wasp edýän rowaýatlar we birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Asyrlaryň dowamynda türkmen halky tarapyndan aýratyn hormat goýulýan ahalteke bedewlerine bolan sarpa häzirki döwürde döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Behişdi bedewler Türkmenistanyň milli özboluşlylygynyň, taryhy mirasynyň we buýsanjynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek, ylym-bilim, saglygy goraýyş we beýleki möhüm ugurlary kämilleşdirmek boýunça giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Çäräniň çäklerinde institutyň çeper höwesjeň talyp ýaşlary Watanymyzyň asuda, parahat durmuşyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Maslahatyň ahyrynda çärä gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Kakamyrat SÄHETDURDYÝEW,
 
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok