Oba hojalyk pudagynyň ösmegi üçin zerur bolan ugurlar haýsylar?

Oba hojalyk pudagynyň üstünlikli ösmegi birnäçe möhüm ugurlaryň sazlaşykly ösdürilmegine baglydyr. Ilki bilen, ýer we suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak esasy şertleriň biridir. Suwaryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy oba hojalygynda öndürijiligi artdyrýan möhüm ugurlaryň hataryna girýär.

Ikinji möhüm ugur tohumçylyk we seleksiýa işleriniň ösdürilmegidir. Ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan, ýokary hasylly we kesellere durnukly tohumlaryň ulanylmagy önümçiligiň möçberini we hilini ýokarlandyrýar. Munuň bilen bir hatarda mineral dökünleriň, biologik serişdeleriň ylmy taýdan esaslandyrylyp peýdalanylmagy hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Oba hojalyk pudagynyň ösüşinde gaýtadan işlemek senagatynyň roly hem uludyr. Önümçiligiň diňe çig görnüşde däl-de, taýýar ýa-da ýarym taýýar görnüşde bazara çykarylmagy oba hojalyk önümçileriniň girdejisini artdyrýar. Şeýle-de, logistika, saklaýyş we bazara çykaryş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi oba hojalygynyň ykdysady taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.

Mundan başga-da, ylmy-tehniki gazanylanlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, hünärmenleriň taýýarlygy we oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn täsir edýän esasy ugurlardyr. Bu çäreleriň toplumlaýyn amala aşyrylmagy oba hojalygynyň durnukly we uzak möhletleýin ösüşini üpjün edýär.

Gunça MERDANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok